Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Gazagystandaky garaşsyz gazete garşy çäreleri ýazgardy


Şu gün Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň mediýa azatlygy boýunça wekili Mikloş Harazti Gazagystandaky garaşsyz gazete garşy görlen çäreleri ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.

Şu aýyň başynda Gazagystanyň BTA banky ýurduň «Respublika» atly hususy gazýetini bu banky ýerliksiz tankyt edenlikde we onuň abraýyna zyýan ýetirenlikde aýyplap, suda ýüz tutupdy. Gazagystanyň sudy bu işde gazýeti günäli tapyp, onuň BTA bankyna 400 000 dollar kompensasiýa tölemelidigi barada höküm çykardy.

Şol hökümiň esasynda-da, geçen hepde bu gazýetiň çap eden gazýetleriniň 23 000 nusgasy häkimiýetler tarapyndan konfiskasiýa edildi.

Geljek ýylyň başynda Gazagystan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna ýolbaşçylyk etmeli.
XS
SM
MD
LG