Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda «Berlin diwary» ýaly täze diwaryň peýda bolmak howpy agzalýar


Şu gün ýewropaly birnäçe tanymal şahsyýetler Gürjüstanyň iki sany regionynyň Orsýetiň täsiri bilen bölünmegi netijesinde, Gürjüstanda «Berlin diwary» ýaly täze diwaryň peýda bolmak howpunyň bardygyndan alada bildirip, beýanat ýaýratdylar.

Bu baradaky açyk hata gol goýan tanymal şahsyýetleriň hatarynda Çehiýanyň ozalky prezidenti Waclaw Hawel, Ýewropa Parlamentiniň deputaty Daniel Kohn-Bendit, fransuz ýazyjylary Andre Gluksman we Bernard-Henri Lewi ýaly şahsyýetler hem bar.

Olaryň bu haty şu gün Ýewropanyň gazýetlerinden dördüsinde çap edildi.
XS
SM
MD
LG