Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada migrantlaryň rugsatsyz lagerleri ýykylýar


Şu gün Fransiýanyň polisiýasy ýurduň demirgazygyndaky Kalais şäheriniň golaýynda daşary ýurtly migrantlaryň rugsatsyz ýaşaýan lagerini ýykmak kampaniýasyna başlady.

Bu gürrüňi edilýän lagerdäki palatalarda daşary ýurtly migrantlaryň 200-e golaýy ýaşaýar, şolardan aglabasy Owganystanyň raýatlary.

Polisiýa işgärleriniň palatalary ýykmak üçin eden hüjümleriniň öňüne ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň birnäçesi böwet döretmäge synanyşdylar. Bu wakada birnäçe adamyň tussag edilendigi habar berildi.

Fransiýanyň häkimiýetleri bu bikanun lagerde ýaşaýan daşary ýurtly raýatlaryň hemmesine Fransiýadan syýasy gaçybatalga almak üçin ýa-da öz ýurtlaryna dolanyp barmak üçin mümkinçilikleriň beriljekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG