Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk boldy, 21-nji sentýabr, 2009 ý.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk boldy, 21-nji sentýabr, 2009 ý.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen Türkmenistanyň prezidentiniň arasynda 21-nji sentýabryň öýläni bolan duşuşykda taraplaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gowudygyny belläp, bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak ugrunda has köp hereket etmäge isleg bildirenlikleri hakynda bu duşuşyk barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatda aýdyldy.

Maglumata görä, gepleşikleriň esasy temasy Owganystana degişli bolupdyr. Türkmenistanyň Owganystana barýan uçarlara öz howa giňişligini ulanmaga rugsat bermeginiň, uçarlaryň ýangyç bilen üpjünçiligine ýardam etmeginiň şeýle-de Owganystanda mekdep we keselhana gurluşygyna degişli proýektleri amala aşyrmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Energiýa we bilim

Energiýa meselesine gezek gelende, Merkezi Aziýada köp ugurly energiýa geçirijilerini artdyrmak meselesinde Türkmenistanyň möhüm rol oýnaýanlygy bellenildi. ABŞ-nyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda biznes ugrundan köp iş alyp barýanlygyny aýdyp, Döwlet sekretary amerikan kompaniýalarynyň deňiz ýaka energiýa serişdelerini özleşdirmek işine hem gatnaşmak islegini ýene tassyklady.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klintonyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda maslahat edilen temalaryň ýene biriniň bilim meselesine degişli bolanlygy döwlet departamentiniň maglumatynda görkezilýär.

“Ýakynda Türkmenistanda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýerleşýän Merkezi Aziýadaky amerikan uniwersitetinde okamak isleýän türkmen ýaşlaryna gözegçilik bilen bagly käbir çäklendirmeler bolupdy. ABŞ-nyň döwlet sekretary türkmen studentleriniň hem Bişkekdäki uniwersitetde hem Bolgariýadaky amerikan uniwersitetinde okamagyna, şeýle-de has köp studentleriň Birleşen Ştatlara barmagyna degişli meseläniň çözülmegine gyzyklanma bildirýänligimizi mälim etdi” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň internet saýtynda aýdyldy.

Adam hukuklary

Şol bir wagtda-da, maglumata görä, Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Blake Hillari Klinton bilen G.Berdimuhamedowyň arasynda bolan gepleşikler barada çykyş edende, oňa gepleşiklerde ynsan hukuklary meselesiniň gozgalyp-gozgalmanlygy barada sorag berildi.

R.Blake gepleşikleriň wagty çäkli bolansoň, diňe iň möhüm meseleleriň maslahat edilenligini aýdyp, “Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, uly mesele däl” diýip, jogap berdi.

Öz nobatynda ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Günbatar döwletlerine ýüzlenip, soňky döwürde daşary gatnaşyklaryny ösdürýän, şol sanda ABŞ bilen gepleşiklerini aktiwleşdirýän Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarda ynsan hukuklaryna ünsi artdyrmaga çagyryş edýärler.

Human Rights Watch guramasyndan Mariýa Lisitsina Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Amerikan hökümeti özara hyzmatdaşlykda
Ýurtdan çykyp bilmeýänleriň sanawyna täze adamlar goşulýar.
Türkmenistanyň ynsan hukuklaryny gowulandyrmak üçin esasy ädimleri ätmeginiň zerurdygyny açyk aýtmaly diýip, hasap edýäris. Türkmenistanda syýasy tussaglaryň boşadylmagyna degişli mesele henizem çözülmän galýar, “gara sanawlar” häzire çenli-de ulanylýar we ýurtdan çykyp bilmeýänleriň sanawyna täze adamlar goşulýar”.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn gepleşiklerinden daşgary G.Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun we Hytaý Halk respublikasynyň başlygy Hu Zin Tao bilen duşuşjagynyny türkmen metbugaty habar beripdi.

G.Berdimuhamedow we Hillari Klintonyň arasynda 21-nji sentýabrda bolan gepleşikleriň mazmuny barada Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde maglumat berilmedi.

Merkezi Aziýa boýunça analitik Artem Ulunýanyň pikirine görä, Türkmenistanyň halkara sahnasyndaky häzirki herektleri ýurduň Günbatara tarap syýasatyny aktiwleşdirmek niýetini görkezýär.

“2009-njy ýylyň dowamynda Aşgabadyň köp iş edenligini aýtmak mümkin. Türkmenistana dürli derejeli delegasiýalaryň barmagy we ýurt baştutanynyň Günbatar döwletlerine edýän saparlary Türkmenistanyň syýasatynyň Ýewro-Atlantik giňişligine gadam basýanlygyny görkezýär. Öň Türkmenistanyň daşary syýasaty esasan Gündogar döwletlerine we Orsýete gönükdirilen bolsa häzir Aşgabat özüni gyzyklandyrýan meseleler boýunça geçirýän gepleşikleriniň ugruny üýtgedýär” diýip, Artem Ulunýan aýtdy.

Türkmenistan we BMG

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu Ýorkda geçýän 64-nji sessiýasyna Türkmenistan sessiýanyň başlygynyň orunbasary hökmünde gatnaşar. Halkara Forumyň başlygynyň orunbasary wezipesini birinji gezek Türkmenistan 2007-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji sessiýasynda ýerine ýetiripdi.
Türkmenistan BMG-na 1992-nji ýylda agza boldy we halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşuldy.

Türkmen metbugatyna görä, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň gün tertibinde 160 çemesi meselä garalar. Olar parahatçylyk we howpsuzlyk, terrorçylyga garşy göreş, ynsan hukuklary we daşky gurşawy goramak, şeýle-de sosial-ykdysady ösüş temalaryna degişli.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasyna başlygyň orunbasary hökmünde gatnaşmagynyň Türkmenistanyň uly abraýynyň alamaty bolup durýanlygyny türkmen metbgaty nygtady.

Resmi maglumatlarda bellenişine görä, Türkmenistanyň sessiýa gatnaşmagy türkmen döwletiniň köp derejeli gatnaşyklaryny köptaraplaýyn giňeltmek niýetini görkezýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG