Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro programmasy boýunça barlaglaryny ösdürýär


Düýn Eýranyň mälim etmegine görä, ol ýadro programmasy boýunça barlaglaryny ösdürýär.

Geljek hepde dünýäniň Iri döwletleri we Tähran gepleşikler geçirer.

Eýranyň Halkara Atom energiýa edarasyndaky baş wekili Ali Akbar Salehi urany baýlaşdyrmagy tizleşdirmäge mümkinçilik berýän enjamda tehniki synaglar amala aşyrylýar diýdi.

Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň we ABŞ-nyň talaplaryna garamazdan, Eýran urany baýlaşdyrmak işlerini doňdurmagy 1-nji oktýabrdaky gepleşikler üçin deslapky şert edip goýmaga Günbatar döwletlerine ýol bermejekdigini tekrarlaýar.

Gowşan habarlara görä, şu gün Nýu Ýorkda bu 6 döwletiň Daşary işler ministrleri duşuşyp, Eýranyň ýadro programmasyny togtatdyrmagyň ýollary barada gürrüň ederler.
XS
SM
MD
LG