Sepleriň elýeterliligi

Eýran Holokosty inkär etse, Germaniýa Baş Assambleýany terk eder


Düýn Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň aýtmagyna görä, eger prezident Ahmedinejad çarşenbe güni etjek çykyşynda Holokosty inkär etse, onda Germaniýanyň BMG-daky delegasiýasy Baş Assambleýanyň sessiýasyny terk eder.

Daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, eger Ýewropanyň pozisýasy bütewi bolsa, onda Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň hem şeýle etmegini Germaniýanyň hökümeti isleýär.

Geçen hepde prezident Ahmedinejad Holokost ýalan diýdi.

Dünýäniň Iri döwletleri Eýranyň ýadro ambisiýalary boýunça çözgüt tapmaga synanyşýarka, Ahmedinejad öz pozisiýasyny gaýtalady.

Ikinji jahan urşy döwründe nasistleriň amala aşyran Holokostyny inkär etmek Germaniýada jenaýat hasaplanýar.

Geçen hepde Germaniýanyň Daşary işler ministri Şteýnmaýer Ahmedinejadyň soňky çykyşyny ýazgardy we ol Eýrany masgaralaýar diýdi.
XS
SM
MD
LG