Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tähranda Eýran-Yrak uruşynyň ýyl dönümi bellendi


Düýn prezident Ahmedinejadyň aýtmagyna görä, hiç bir ýurt Eýrana garşy harby hüjüme milt edip bilmez.

Ol döwlet telewideniýesi boýunça eden çykyşynda Eýranyň goşyny öz ýurduna hüjüm edenleriň ellerini keser diýdi.

Ahmedinejad Tährandaky harby paradda çykyş etdi. Ol 80-nji ýylyň sentýabryndaky Eýran-Yrak uruşynyň ýyl dönümi bilen baglanşykly geçirildi.

Oňa gatnaşan harby uçar Tähranyň günortasynda weýran bolandan soňra, parad togtadyldy .

Döwlet radiosynyň habaryna görä, wakada 7 adam öldi.
XS
SM
MD
LG