Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan Orsýeti aýyplady


Düýn Gürjüstan Orsýeti özara dargynlygy ösdürýänlikde we Gara Deňiz regionyna howp salýanlykda aýyplady.

Çünki Moskwa Gürjüstanyň separatist Abhaziýa regionynyň deňiz kenarlarynda patrul gämilerini ýerleşdirýär diýip, Tbilisi aýtdy.

Gürjüstanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda bu “ýagdaýlary hasam dartgynlaşdyrýar we regiondaky ýurtlaryň howpsuzlygyna wehim salýar” diýildi.

Düşenbe güni Orsýetiň metbugatynyň ýazmagyna görä, Orsýetiň patrul gämileri Abhaziýanyň suw territoriýasynda patrullyk edip başladylar.

Gürjüstan Abhaziýa we Günorta Osetiýa ykdysady gabawda goýup, ýakynda Abhaziýa ýangyç alyp barýan türk gämisini ele saldy.
XS
SM
MD
LG