Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klimatyň üýtgemegi BMG-nyň gün tertibiniň başynda


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Nýu Ýorkda ýerleşýän BMG-nyň baş stab kwartirasynda geçirilýän klimatyň üýtgemegi boýunça ýokary derejeli sammitde çykyş edýär. 22-nji sentýabr, 2009 ý.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Nýu Ýorkda ýerleşýän BMG-nyň baş stab kwartirasynda geçirilýän klimatyň üýtgemegi boýunça ýokary derejeli sammitde çykyş edýär. 22-nji sentýabr, 2009 ý.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun 2007-nji ýylda bu wezipä geleli bäri ýer ýüzünde klimatyň özgerişine ýokary ähmiýetli meseleleriň biri hökmünde garaýar.

“Global raýdaşlygyň zerurdygyny mundan gowy görkezýän mesele ýok. Bizi gözýetimimizi giňeltmäge mundan güýçli mejbur edýän problema ýok. 22-nji sentýabrda geçjek sammit klimatyň özgerişi barada döwlet we hökümet baştutanlarynyň iň uly duşuşygy bolar. Maksat, ünsi muňa gönükdirip, herekete geçmek” diýip Ban Ki Mun aýdýar.

Bu sammite 140-dan agdyk ýurtlaryň wekilleri çagyryldy. Olaryň uly bölegi-de döwlet we hökümet baştutanlary. Britaniýanyň öňki premýer-ministri Toni Bleýr duşenbe güni eden çykyşynda bu meselede belli bir ylalaşyga gelinmeginiň kyndygyna salgylandy. Ýöne ol muňa garamazdan, umytly gürledi.

”Kynçylyklary nazara alanyňda, bu gepleşikleriň iň kyny bolup durýar. Ýöne çykalga ýok däl, isleg bar” diýip, Toni Bleýr aýtdy.

Klimat özgerişi meselesinde hökümetler arasynda tapawutly garaýyşlar bar. Käbirleri oňa bir tebigy hadysa diýip garap, “adamzadyň ýa senagatyň oňa ýetirýän zyýany gaty çäkli” diýýär. Ýöne köpçüligiň ylalaşýan garaýşy boýunça klimatyň özgermegine sebäp bolýan zat adamzadyň alyp barýan işleri. Şol sebäpden bu meseläniň çözgüdi dünýä derejesinde bolmaly utgaşykly tagallany talap edýär.

Jogapkärçilik we milli bähbitler

Bu sammite ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hem-de Hytaý prezidenti Hu Jintao gatnaşýar. Dünýäde hemme ýurtlardan köp zäherli gaz öndürip, klimata zyýan ýetirýänler-de şol iki ýurt.

Birleşen Milletler Guramasynda klimatyň özgerişi meselesine çynlakaý çemeleşmek baradaky niýet ençeme ýyl bäri bar. Ýöne agza döwletler arasynda belli bir ylalaşyga gelinmegini milli bähbitler kynlaşdyrýar. Gurpsuzrak döwletler bu barada özlerine maliýe goldawynyň berilmegini isleýärler. Baý ýurtlar hem öz senagat işlerini çäklendirmäge göwnänoklar.

Käbir adamlar ösen ýurtlar ahlak taýdan bu işe borçly, sebäbi howany ilkinji nobatda hapalaýan şolar diýýärler. Ine, tanymal aktýor Hag Jakmanyň sözleri: “Bu oýlanyşygyň ahlak aspektleri ýatdan çykarylmaly däl. Şu hepde gaty köp pragmatik syýasatlar, ykdysadyýetler gaty kynçylykly gepleşiklere girişýärler. Göreli, näme bolýar. Ýöne ahlak taýdan aýdanyňda, bu problemanyň uly bölegini döreden ösen ýurtlar. Ondan hemmeden köp ejir çekýänler-de, ösüp gelýän ýurtlardaky ilat”.
XS
SM
MD
LG