Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ owgan strategiýasyny gözden geçirýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) general Stanleý MakKristal bilen duşuşýar, Waşington, 19-njy maý, 2009 ý.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) general Stanleý MakKristal bilen duşuşýar, Waşington, 19-njy maý, 2009 ý.

Prezident Obamanyň adminstrasiýasy özüniň Owganystan baradaky strategiýasyny pugta gözden geçirýär.

Bu ugurda ilkinji teklibi ABŞ-nyň ýokary derejeli harbysy we NATO-nyň Owganystandaky komandiri general MakKristal etdi. Ol Owganystany talyplardan goramak ugrundaky göreş üçin has köp puluň zerurdygyny öňe sürdi.

Ikinji teklibi bolsa, Obamanyň adminstrasiýasynyň resmileri etdiler we bu başky talaba gapma-garşy. Ol Amerikanyň 11-nji sentýabr wakasy bilen bagly Owganystandaky maksadyna ünsi çekýär. Bu “Al Kaýdanyň” öz operasiýalary üçin Owganystany ulanmazlygy ugrundaky aladadan ybarat.

Şeýle maksada ýetmek üçin terrorist toparlaryň liderleriniň Owganystana dolanmagynyň öňüni almak zerur bolup durýar. Hususan-da, olaryň häzir mesgen tutan Päkistan bilen serhetdäki regiondan. Obamanyň hökümetiniň iki sany ýokary derejeli resmisiniň “Associated Press” agentligine aýtmagyna görä, Ak Tam Päkistanda terrorizme garşy operasiýalaryny giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Teklipler barada möhüm sowallar

Prezident Obama agzalan teklipleriň haýsyny saýlajakdygy barada entek hiç bir yşarat etmedi. Emma onuň ýakyn günlerde gaýtalap aýtmagyna görä, ähli teklip barada möhüm sowallary bar.

Amerikanyň CBS telekanalyndaky çykyşynda Obama Owganystana goşmaça goşun ibermek barada karara gelmezden öň “juda kyn sowallary berjekdigini”mälim etdi. Beýleki ýokary derejeli resmiler-de şuňa meňzeş yşaraty etdiler.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Kilnton duşenbe güni New Ýorkdaky çykyşynda Owganystan strategiyasy barada maslahatlaryň, teklipleriň gowuşýandygyny we general MakKristalyň pikirlerini gowy garşylandyklaryny aýtdy. Ol generalyň pikirleriniň karar kabul edilmezden öňki teklipdigini belledi.

Hillari Klinton ähli zady göz öňünde tutýandyklaryny we soňra prezidentiň öz kararlaryny kabul etjekdigini sözüniň üstüne goşdy. Onyň MakKristalyň teklibi barada aýdanlaryndan häzir Waşingtonyň Owganystan strategiýasy boýunça çatrykda durandygy görünýär.

Şol bir wagtyň özünde prezident Obama “Yrakdaky uruş sebäpli Amerika Owganystana resurslaryny gysganmaly däl” diýdi. Goşmaça 17 müň goşun Owganystana ýollanar we soňra bularyň sany 21 müňe ýetiriler diýip, Obama aýtdy.

Beýleki meseleler

Emma, Owganystandaky saýlawlar hem az alada goýmaýar. Ak Tam bu saýlawlar netijesinde täze owgan prezidentiniň güýçli mandata eýe boljakdygyna umyt edýär. Şol saýlawlarda galplyklaryň bolandygy dogrusynda kandidatlaryň arasynda oňşuksyzlygyň bardygyna garamazdan, köpler häzirki prezident Karzaýy goldaýar. Şol bir wagtyň özünde Waşingtonyň Owganystandaky harby operasiýalaryny Amerikan jemgyýetiniň goldamagy kemelýär.

Golaýda geçirilen pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 58%-i Owganystandaky urşa garşydygyny aýtdylar. Hatda Obamanyň Demokratik partiaýasynyň käbir möhüm liderleri hem Owganystana goşmaça goşun ibermegiň zerurdygyna şübhelenýärler.

NATO-nyň Owgansytandaky harby komandiri MakKristal öz teklibinde goşmaça goşun ibermek ýa-da Owganystanda ýeňiş gazanmak üçin näçe goşunyň zerurdygy barada hiç zat aýtmaýar. Emma ol serişdeleriň ýetmezçilgiiniň şowsuzlyga getirjege meňzeýändigini we ýakyn 12 aýdaky töwekgelçilikler netijesinde talyplary ýeňmegiň üstünlikli bolmazlygynyň mümkindigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG