Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Türkmenistanda adam hukuklary


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk boldy, 21-nji sentýabr, 2009 ý.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk boldy, 21-nji sentýabr, 2009 ý.

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hillari Klinton bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda 21-nji sentýbarda Nýu Ýork şäherinde duşuşyk boldy.

Duşuşykda taraplar Owganystan boýunça hyzmatdaşlygy, energiýa meselelerini, amerikan biznesiniň Türkmenistanda işlemegini we bilim bilen bagly Türkmenistandaky ýagdaýlara degişli temalary maslahat etdiler. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň resmi internet saýtynda habar berildi.

Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň maglumatyna görä, gepleşiklerde Hillari Klinton amerikan tarapynyň Türkmenistan bilen has ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bildirip, munuň üçin Aşgbatda we Waşingtonda dowamly konsultasiýalary geçirmegi teklip etdi. Maslahat ediljek temalaryň arasynda syýasat, energetika we bilim ugurlary agzaldy.

Türkmenistan bolsa öz tarapyndan amerikan kompaniýalary bilen Hazar deňzinde nebit önümçiligi we nebiti gaýtadan işlemek boýunça aktiw hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bildiripdir. Gepleşikleriň netijesinde taraplar amerikanyň biznes gatlaklary bilen işewür gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbitleriniň ýakynlaşmagyna hyzmat etjegine ynam bildirdiler diýip, TDH gullugy belledi.

Adam hukuklary

Adam hukuklaryna gezek gelende, bu meseläniň Nýu Ýorkda bolan türkmen-amerikan gepleşiklerinde maslahat edilip-edilmänligi barada resmi maglumatlarda aýdylmady. Emma Döwlet Departamentiniň resmi internet saýtynyň gepleşikler barada ýaýradan maglumatyna görä, ynsan hukuklary Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýkiň çykyşynda agzalypdyr.

“Iki taraplaýyn gepleşiklerde adam hukuklary gozgaldymy?” diýen soraga R.Bleýk, gepleşikleriň wagty çäkli bolansoň, diňe iň möhüm meseleleriň geňeşilendigini aýdyp, “Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýy Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deňäniňde, uly mesele däl” diýip, jogap beripdir.

Beýanat nämäni aňladýar?

“Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin şeýle pikirde: “Döwlet Departamentiniň wekiliniň şeýle diýmegi örän gynandyrýar. Biz ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde we beýleki diplomatlar bilen birçnäçe duşuşyklary geçirdik. Amerikan resmileri Türkmenistanda ynsan hukuklary bilen bagly agyr ýagdaýa göz ýetirýändiklerini we ýagdaýyň gowulanmagyna mümkin boldugyndan täsir ýetirmäge synanyşjakdyklaryny bize aýdypdylar. Ýöne häzirki wagtda syýasata ýa ykdysadyýete degişli meseleler adam hukuklaryndan öňe düşýäne meňzeýär”.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça wekili William Stephens ABŞ-nyň syýasatynda adam hukuklarynyň roly barada “Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Biz adam hukuklaryna ünsi gönükdirýäris. Ynsan hukuklary bilen bagly hasabat ýöredip, aýratyn alada döredýän meselelere ýörite üns berýäris. Bu islendik ýurda degişli. Aragatnaşyklaryň ýeterlik däl bolmagy mümkin. Ýöne Türkmenistanda ynsan hukuklaryna biziň üns bermeýänligimiz bilen ylalaşyp biljek däl”.

“Beýik özgerişlikler”

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkemenistan ynsan hukuklary we graždan azatlyklary boýunça iň erbet ýagdaýly ýurtlaryň hatarynda agzalyp gelinýär. Öz nobatynda Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň “beýik özgerişlikler” prosesini başdan geçirýänligini aýdýarlar. Ýurtda içerki we daşary syýasata, sosial pudaga degişli käbir özgerişlikleriň duýulýanlygyny synçylar belleýärler.

Emma özgerişlikleriň ynsan hukuklary meselesine degmeýänligini Farid Tuhbatullin belledi: “Soňky bir ýarym ýylyň dowamynda adam hukuklaryna degişli üýtgeşiklik ýok diýse bolar. Nyýazow döwri bilen deňeşdirilende öňe tarap käbir ädimler ädilip başlandy, emma olar dowam etdirilmedi. Häzir ýurtda Nyýazow režimine mahsus şahsyýet kulty güýçlenýär. Ynsan hukuklary ugurynda bolsa häkimiýetler, göze iler ýaly dowamly özgerişleri amala aşyrmaýarlar” diýip, “Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň müdiri aýtdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar türkmen raýatlarynyň hereket azatlygynyň çäklendirilmegi, söz we pikir azatlygyna ýol berilmeýanligi, syýasy tussaglaryň ykbalynyň gizlinlikde saklanmagy we milli azlyklaryň hak-hukuklarynyň çäklendirilmegi bilen bagly problemalaryň Türkmenistanda agyrlygyna galýanlgyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG