Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama BMG-da ilkinji sözüni sözledi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama şu gün BMG-nyň Baş assambleýasynyň sessiýasynda öz ilkinji sözüni sözledi.

Obama dünýä liderlerini global wezipelere hötde gelmek üçin has kän jogapkärçiligi öz üstlerine almaga çagyrdy.

Ol «Biz bilelikde köne bölünişikleri birikdirýän täze koalisiýalary gurmaly, dürli dinleriň we ynamlaryň koalisiýalaryny, demirgazygyň we günortanyň, gündogaryň we günbataryň, garalaryň, aklaryň we goňraslaryň bileleşiklerini gurmaly» diýdi.

Obama geljekde esasy dört zerurlygyň üpjün edilmelidigine ynanýandygyny aýtdy. Ol dört zerurlyk ýadro ýaragsyzlanyşygy, parahatçylygy we howpsuzlygy ilerletmek, planetany aýap saklamak we ähli halklara mümkinçilik berýen ykdysadyetdir.
XS
SM
MD
LG