Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejat Holokosty inkär etse, Germaniýa sessiýany terk eder


Germaniýanyň Daşary işler ministrligi, eger Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinajat çarşenbe güni sözlejek sözünde Holokosty inkär etse, öz delegasiýalarynyň BMG-nyň Baş assembleýasynyň sessiýasyndan çykyp gitjegini aýdýar.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi german hökümetiniň Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň hem şeýle etmegini isleýändigini aýtdy.

Golaýda, dünýä ýurtlary Eýranyň ýadro planlary barada nähili karara gelmelidigini kesgitlejek bolýarkalar, Ahmedinajat bu mesele boýunça öňki aýdan zatlaryny gaýtalap, Holokosty ýalan atlandyrypdy.

2-nji jahan urşy döwründe nasistler tarapyndan amala aşyrylan Holokosty, ýewreýleriň gyrgynçylygyny inkär etmek Germaniýada jenaýat hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG