Sepleriň elýeterliligi

Eýran polisiýasy manekenleri nyşana alýar


Eýran polisiýasy dükan eýelerine başy örtgüsiz we bedeni açyk manekenleri ulanmaly däldigi aýtdy.

Resmi IRNA habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Eýranyň ahlak howpsuzlygy polisiýasynyň beýanatynda dükanlaryň boýun baglaryny we galstuklary wagyz etmeli däldigi, erkek adamlaryň aýallaryň içki eşiklerini satmaly däldigi hem aýdylýar.

Eýran polisiýasy Ahmedinejat 2005-nji ýylda häkimiýete geleli bäri Günbatar täsirine garşy durýar we berk yslam eşikleri düzgünini ýöredýär.

XS
SM
MD
LG