Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Germaniýanyň ýaşuly syýasatçysy owgan missiýasyny tankyt edýär


Germaniýanyň ozalky kansleri Helmut Şmidt Germaniýanyň Owganystandaky missiýasyny tankyt etdi.

90 ýaşyndaky Şmidt Germaniýanyň iň meşhur döwlet işgäridir. Ol «Daý Zaýt» gazetiniň şu günki sanynda Günbatar Owganystana ummasyz serişde we köp sanly esger göndermegine garamazdan, bu uruşda şowsuzlyk töwekgelligine uçardy diýdi.

Günbatar Germaniýa 1974-nji ýyldan 1982-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk eden Şmidt yslamçy terror topary bolan al-Kaýdany ýok etmek baradaky başky maksat ýerine ýetirilmedi diýdi.

Onuň pikirine görä, 200 müň esger hem owganystany durnuklaşdyrmak üçin ýeterlik bolmasa gerek.
XS
SM
MD
LG