Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda çykyş etdi


Düýn prezident Berdimuhamedow BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda çykyş etdi.

Ol öz çykyşynyň başynda BMG-da reformanyň geçirilmegini Türkmenistanyň goldaýandygyny aýtdy.

Soňra ol Türkmenistanyň daşary syýasaty barada şeýle diýdi: “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy maksady dünýä jemgyýetçiliginiň ýer ýüzünde howpsuzlygyň global sistemasyny goldamak we kömek etmek, konfliktleriň döremek howplarynyň öňüni almak, döwletleriň hem halklaryň durnuklylygyny we ösmegini üpjün etmek ugrundaky aladalaryna ähli kömegi etmek boldy. Şeyle bolmagynda hem galar” diýip Berdimuhamedow öz çykyşynda energiýa howpsuzlygy barada hem gürrüň etdi.

“Global howpsuzlygyň möhüm bir bölegi energiýa howpsuzlygydyr. Bu ilkinji nobatda energiýanyň halkara derejede akdyrylyşynyň häzirki sistemasynyň dünyä ykdysadyýeti bilen aýrylmaz baglanşyklydygy sebäplidir. Bu dünýäniň aýratyn regionlarynda syýasy durnuksyzlyk, halkara derejede sazlaşdyryjy hukuk mehanizmleriň ýokdygy, düýp gurluşlaryň ýeterlik ösmändigi, turbaprowod ýollarynyň birtaraplaýyn geografiýasy bilen baglydyr. Şularyň ählisi dünyä bazarlaryna energiýanyň akdyrylyşyna öz täsirini ýetirýär” diyip Berdimuhamedow aýtdy.

Ol Türkmenistanyň öz goňşysy Owganystanda asudalygyň berkarar bolmagy ugrunda yadawsyz tagalla edýändigini, onuň ykdysadyýetiniň täzeden dikelmegi, ýurtda sosial we gumanitar desgalaryň gurluşugy üçin kömek edýändigini belledi.

“Bular geljekde hem dowam etdiriler. Biz Owganystany asuda we gülläp ösýän ýurt, bütin regionyň gowy goňşysy we hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýäris” diýip prezident Berdimuhamedow düýn BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64 sessiýasynda eden çykyşynda aýtdy .
XS
SM
MD
LG