Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkda türkmen-amerikan biznes forumy boldy


Düýn “Turkmenistan Altyn Asyr” internet sahypasynyň ýazmagyna görä, 22-nji sentýabrda Nýu Ýorkda türkmen-amerikan biznes forumy boldy.

Ony ABŞ-nyň “Euroasia group” atly konsaltatiw kompaniýasy we beýlekiler gurnady.

Foruma ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmileri we iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar diýip habar berildi.

Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady reformalar barada giňişleýin gürrüň edip, amerikaly işewür adamlary Türkmenistana çagyrdy.

Duşuşykda ABŞnyň Döwlet sekretaryniň Ýewroaziýanyň energiýasy barada ýörite wekili Riçard Morningstar öz ýurdunyň adyndan çykyş edip, Türkmenistanyň pozisiýasyna gowy baha berdi diýip “Türkmenistan Altyn Asyr” internet sahypasy ýazdy.

Şeýlede ol 22-nji sentýabrda Berdimuhamedowyň Amerikanyň öňki Döwlet sekretary, meşhur syýasatçy Kissinjer bilen duşuşandygyny habar berdi. Olar dürli meseleler barada pikir alyşdylar.

Şol gün prezident Berdimuhammedow BMG-nyň ykdysady hem sosial meseleler boýunça departamentiniň başlygy Tihomirow we ABŞ-nyň “Şewron” nebit kompaniýasynyň prezidenti Jeýa Praýer bilen hem duşuşdy.

Praýer öz kompaniýasynyň Türkmenistan bilen uzak wagtlaýyn hyzmatdaşlyga we nebit pudagyna sermaýa ýatyrmak baradaky proýektlere gatnaşmaga içgin gyzyklanýandygyny aýtdi diýip “Türkmenistan Altyn Asyr” internet sahypasy düýn ýazdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG