Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz aňtaw gullugy ölüm jezasyny dikeltmäge çagyrýar


Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Myrat Sutalinow düýn Bişkekde Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk geňeşinde çykyş edip, ölüm jezasyny gaýtadan dikeltmäge we jezalandyryp öldürmegi jemgyýetçiligiň gözüniň alnynda geçirmäge çagyrdy.

«Men şu gün biz dilden şeýle karara gelmeli diýip pikir edýärin, onsoň Howpsuzlyk geňeşi, Adalat ministrligi, beýleki kanun ekspertleri bu meselä seretmeli. Belki-de jenaýatyň käbir görnüşleri üçin biz ölüm jezasyny, jezanyň ýerine ýetirilişiniň jemgyýetçiligiň gözüniň alnynda geçirilmegini girizmelidiris. Şondan soň döwletde tertip-düzgün iki-üç günde ýola goýlar» diýip Sutalinow aýtdy.
XS
SM
MD
LG