Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosgunlar meselesi ÝB-niň gün tertibinde


Her tomus oňat durmuşyň gözleginde ýüz müňlerçe bikanun bosgunlar Ýewropa Bileleşiginiň deňiz kenarlary bar bolan agza döwletlerine gelýärler.
Her tomus oňat durmuşyň gözleginde ýüz müňlerçe bikanun bosgunlar Ýewropa Bileleşiginiň deňiz kenarlary bar bolan agza döwletlerine gelýärler.

Soňky döwürde Ýewropa Bileleşigine agza döwletlere gelýän bikanun bosgunlaryň sanynyň artýandygy we bu porblema garşy örän az çäre görülýändigi aýdylýar.

Her tomus oňat durmuşyň gözleginde ýüz müňlerçe bikanun bosgunlar Ýewropa Bileleşiginiň deňiz kenarlary bar bolan agza döwletlerine gelýärler. Immigrantlary kabul etmek ýa-da olary yzyna ibermek, kowmak baradaky Bileleşigiň häzirki syýasatynyň bu problemanyň çözgüdine onçakly peýda bermeýändigini aýdýanlar-da bar. Bu barada täsirli bir çäre görmegiň has zerurdygy öňe sürülýär.

Bikanun bosgunlaryň köpüsi howply ýollardan Ortaýer deňziniň üsti bilen Italiýa we Gresiýa aşýarlar, olaryň aglabasy gowy durmuş gözläp gelen afrikalylar hem aziýalylar. Bu howply syýahat ýüzlerçe adamyň ömür tanapynyň üzülmegine alyp gelýär.

Diňe geçen ýylyň özünde Italiýa gämiler bilen 3.700-den gowrak bikanun bosgun gelipdir. Şu ýyl Italiýaň hökümeti öň görülmedik hereketi edip, bosgunlaryň gämilerini kenara gelip ýetmänkä yzyna dolap başlady. Bu çäre bolsa Italiýa gelýän bosgunlaryň sanyny iki esse azaltdy.

Italiýan resmileri ret edýär

Bosgunlar boýunça halkara kanuny bozanlygy hakyndaky aýyplamany Italiýan resmileri ret edýärler, ýöne Rimiň bu täze çäresine garşy adam hukuklaryny goraýjy toparlar öz protestlerini güýçlendirýärler. Olar başpena gözleýän bosgunlaryň şansynyň bozulýanlygyny aýdyp, Rimi bu baradaky halkara kanunylary depelemekde aýyplaýarlar.

21-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň içeri we adalat ministrleri Brusselde ýygnanyşyp, şu tomus görlen we görülýän çäreler dogrusynda maslahat etdiler.
Ýewropa Bileleşiginiň kararlaryny halkara kanunlary bilen sazlaşdyrmak ugrunda iş alyp barýan, adalat, azatlyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça komissar Jakus Barrot bu barada Italiýadan özlerine düşündiriş berilmeginiň soralandygyny aýtdy: «Biz häzir olaryň berjek jogabyny öwrenýäris. Öz ýurtlarynda janlary howp astyna düşen bosgunlary yzyna öwürmeli däl diýen prinsipi Italiýa ýatlatdyk. Bu biziň meselä çözgüt tapmak isleýändigimizi aňladýar»

Habar agentlikleri 700-den gowrak bosgunyň yzyna gaýtarylmagyna operasiýasyna sekiz sany Italiýan kenar goragçysynyň gatnaşandygyny mälim etdiler.

Adam hukuklaryny goraýjy toparyň aýtmagyna görä, deportasiýa edilen bosgunlar öz ýurtlarynda gynamalara duçar edilýär. HRW topary öz ýaýradan raportynda Italiýan güýçleri tarapyndan Libiýa gaýtarylan bosgunlaryň tussag edilip, adamkärçiliksiz agyr şertlerde saklanýandygyny bildirdi. Gaýdyp gelen bosgunlaryň urlup-ýenjilýändigini-de HRW aýdýar. Ýöne Italiýa bu aýyplamany ret edip, Ýewropa Bileleşiginiň prinsipleri esasynda hereket edýändigini öňe sürýär.

“Mesele diňe serhete gözegçilik däl”

Häzir Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Şwesiýanyň bosgunlar boýunça ministeri Tobias Bilström gysga wagtlyk çäreler uzak möhletleýin çözgütler bilen bilelikde alnyp barylmaly diýýär. «Mesele diňe serhete gözegçilik etmekde däl, şonuň ýaly-da Ýewropa Bileleşigi bilen bosgunlaryň geçip gaýdýan döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek» diýip, şwed ministri aýdýar.

Bosgunlaryň bikanun hereketinden göni ejir çekmeýän we üstlerinden bosgunlaryň geçip gaýdýan döwletleriniň hökümetleri Italiýa, Malta we beýleki Günorta Ýewropa ýurtlaryna jerime tölemeli diýip, Ýewropa Bileleşigi mälim edýär.
XS
SM
MD
LG