Sepleriň elýeterliligi

Obama Howpsuzlyk Geňeşinde ýaragsyzlandyryş meselesini gozgar


Obama dünýäde ýadro ýaraglarynyň bolmazlygy baradaky maksadyny ilerletmek boýunça rezolýusiýany bermek pikirini ilkinji gezek şu ýylyň aprelinde Pragada mälim edipdi.

Obama dünýäde ýadro ýaraglarynyň bolmazlygy baradaky maksadyny ilerletmek boýunça rezolýusiýany bermek pikirini ilkinji gezek şu ýylyň aprelinde Pragada mälim edipdi.

Şu gün, 24-nji sentýabrda, Barak Obama Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde duşuşyga ýolbaşçylyk eden ilkinji ABŞ-nyň prezidenti bolýar.

Ol bu pursatdan peýdalanyp, agza döwletleriň garamagyna dünýäde ýadro ýaraglarynyň bolmazlygy baradaky maksadyny ilerletmek üçin bir rezolýusiýany bermekçi.

Obama bu pikirini ilkinji gezek şu ýylyň aprelinde Pragada eden çykyşynda mälim edipdi: “Amerikanyň atom ýaraglaryndan azat edilen dünýäde asudalyk we howpsuzlyk ugrundaky aladany özüne borç edinýändigini men şu gün açyk hem ynamly aýdýaryn”.

Ol şol çykyşynda bu işiň aňsatlyk bilen bolmajakdygyny-da boýun alypdy: “Men beýle türkana däl. Bu maksada çalt, belki-de meniň ömrümde ýetip bolmajakdygyny bilýärin. Muňa sabyr we tutanýerlilik gerek. Ýöne biz indi dünýäni üýtgedip bolmaz diýýänlere gulak asmaly däl. Tutanýerlilik görkezmeli. Hawa, üýtgedip bileris”.

Buşuň administrasiýasy köplenç global maksatlaryny Birleşen Milletler Guramasyndan maslahatsyz amala aşyrmaga synanyşypdy.

Ak Tam indi Obamanyň taryhy çykyşy bilen bu gatnaşygy gowulandyrmaga synanyşýar. Dünýäni atom ýaraglaryndan saplamak baradaky pikiri Beýik Britaniýa bilen Orsýet hem goldaýar.

Täzeden janlandyryş

Jeýms M. Lindsaý Daşary Gatnaşyklar baradaky Geňeşiň agzasy. Ol rezolýusiýadan maksat indi ýoga çykyp barýan atom ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky hereketi täzeden janlandyrmak diýýär.

“Administrasiýanyň gysga möhletleýin etjek bolýany atom ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnamanyň özenini emele getirýän ylalaşygy täzeden güýçlendirmek. Bu ylalaşyk boýunça atom ýaraglary ýok ýurtlar ony edinmeli däl, atom ýaraglary bar ýurtlar hem ony assa-ýuwaşdan azaldyp, iň soňunda hem ýok etmeli” diýip Lindsaý aýdýar.

Ekspertler: “Obamanyň arzuwy dünýäni ýadro ýaraglaryndan saplamak işine Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylyk etmegi. Ýöne ol muny Kongrese oňladyp bilmese, bu umydy gowşar” diýýärler.

Lindsaýiň pikiriçe, Obama ilki bilen haýsy daşary syýasy meseläniň Kongresde göreşeniňe degýändigini bilmeli.

Prezidentiň göwnüniň isleýäni ýaragsyzlanmak bolsa gerek. Ýöne ol häzir Owganystan, Päkistan we Orta Gündogar barada kyn kararlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bulary göreniňde, ahlisi möhüm. Goý, hemmesini edeli diýesiň gelýär. Ýöne Waşigtonda hakyky durmuş şeýle: bularyň diňe birnäçesini saýlap tutmasaň, kyn ýagdaýa galýarsyň” diýip, Lindaý düşündirýär.
XS
SM
MD
LG