Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda german söweşijileri azalýar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Gunduzdaky german ýaragly güýçleriniň ofiseri tarapyndan garşy alynýar, 6-njy aprel, 2009 ý.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Gunduzdaky german ýaragly güýçleriniň ofiseri tarapyndan garşy alynýar, 6-njy aprel, 2009 ý.

Haçanda, Günbatar Owganystanyň günortasynda we gündogarynda talyplara garşy uruşyan wagtynda talyplaryň söweşijileri owal asuda bolan demirgazykda hem mesgen tutdylar. Netijede, demirgazykda hem howpsuzlyk ýagdaýy yaramazlaşyar. Talyplaryň sany köpelýän wagtynda hökümetiň howpsuzlyk patrullarynyň sany juda az. Owganystanyň demirgazygynda dikeldiş işlerini amala aşyryan German söweşijileriniň sany hem ep esli azaldy.

4-nji sentýabrda NATO-nyň iki sany ýangyç tankerini talyplaryň zamun almagy diňe onuň pidalarynyň sany bilen däl-de, wakanyň bolan ýeri bilen-de geň galdyrdy.

Bu Owganystanyň güýçli söweşler gidýän günortasynda ýa-da gündogarynda däl-de, ýagdaýlaryň asuda hasaplanylýan regionynda boldy. Ýurduň demirgazygynda diňe häzir Günbataryň radary ýerleşdirilen bolmagy mümkin. Emma talyplar bir ýarym ýyldan gowurak wagt öň bu regionda öz güýçlerini ýerleşdiripdi.

Gunduz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Hamdulla Daneşiň “Erkin Owganystan” radiosyna aýtmagyna görä, bu region Owgan urşunda eýýäm güýçli front liniýasyna öwrüldi. “Owal Gunduz welaýaty talyplaryň möhüm merkezleriniň biridi we munuň täsiri häzirem jemgyýetiň dürli gatlaklarynda saklanyp galdy. NATO hem Gunduz welaýaty arkaly geçýän “Şer Han” ýoluny ulanmak isleýär. Şunlukda Owganystanyň duşmanlary “Al Kaýda” we talyplar bu regionyň howpsuzlygyna zeper ýetirmegi karar etdiler”.

Gunduz welaýatynyň ilatynyň 40 prosenti puştunlar. Galanlary bolsa, täjikler, türkmenler, özbekler we beýlekiler. Talyplar ýurdy dolandyran döwri fundamentalist söweşijiler ilatynyň aglabasy puştunlar bolan günorta we gündogar regionda mesgen tutdular.

Haçanda 11-nji sentiýabr wakalaryndan soňra Demirgazyk Alýansyň Kabula tarap hereketine Amerikanyň uçarlary kömek edip bilmedik wagtynda Gunduzyň töwereginde güýçli uruşlaryň biri bolupdy. Müňlerçe talyban we çet ýurtly söweşijiler gabawa düşmezden owal 12 günläp berk gaýtawul beripdiler. Häzir bolsa, olar yzyna dolandylar.

Germaniýaly edaralar terk edýärler

Talyplaryň söweşijileri demirgazyk ýoldaky barlag merkezlerine hüjüm edýärler we öz janyndan geçenleriň hüjümlerini amala aşyrýarlar. Bu ýerdäki German we Owgan howpsuzlyk güýçlerine hem güýçli ot açylýar.

Germaniýanyň “Die Welt” žurnalynyň daşary syýasat boýunça žurnalisti Wergin ýakynda Gunduzyň golaýyndaky Germaniýanyň harby bazasyna sapar etdi. “Men Gunduzdaky bazanyň metbugat ofiseriniň edarasynda boldum we ol ýerde 2009-njy ýylyň ullakan kalendaryny gördüm. Onda duşmanlar bilen çaknyşyklar bolan güni gyrmyzy reňk bilen bellenilipdir. Şol kalendarda aprel aýyndan bäri ähli günüň gyrmyzy reňk bilen bellenendigini görmek juda täsir etdi. Olar ot açma, öz janyndan geçenleriň hüjümi, gabawa düşmek bilen bagly wakalar barada. Bularyň sany juda artypdyr”.

Häzir Owganystandaky german söweşijileriniň sany 4500 çemesi. Germanlaryň ykdysadyýeti ösdürmek arkaly asudalygy ornaşdyryp boljakdygyny dünýä görkezmäge mümkinçiligi bardy. Olar ýollar, köprüler gurmak we iki müň maşgalany arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bilen uly ösüşleri gazandylar.

Emma häzir talyplaryň hüjümleri germanlaryň ähli dikeldiş işini togtatdy. Bu barada Wergin şeyle diýdi: “Howpsuzlygyň ýaramazlaşandygy üçin Germaniýanyň Ösüş ministrligi, hökümete degişli däl guramalar Gunduzy terk etdiler.

German güýçleriniň Wergine aýtmagyna görä, oba ilaty bilen gatnaşyga girmek juda ýaramazlaşdy. ”Men bir ýyl mundan owal Gunduzda bolan we iýulda yzyna dolanan harby birleşigiň agzalary bilen gepleşdim. Olar howpsuzlygyň 100 prosent ýaramazlaşandaygyny maňa aýtdylar” diýip Wergin aýdýar.
German missiýasy hiç mahal şeýle maksady oňlamady we olaryň harby enjamy ýeterlik däl.


Werginiň sözlerine görä, oba ilaty henizem german söweşijilerini gowy görýärler. Emma NATO güýçleri bilen hyzmatdaşlygy üçin gijelerine edilýän hüjümler welaýatda gorky atmosferasyny döretdi diýip, ýerli ilat aýdýar.

Gunduzyň häkimi Muhammet Omar germanlaryň talyplara garşy göreşmäge ýagdaýynyň ýokdugyny belledi. Amerikan komandirleri bolsa, german güýçlerini söweş operasiýalara çagyrdy. ”Ýöne german missiýasy hiç mahal şeýle maksady oňlamady we olaryň harby enjamy ýeterlik däl” diýip, zurnalist Wergin sözüne goşdy.

Gunduzda dartgynlylygyň ösendigi üçin ýerli ilat haýsy-da bolsa, bir tarapa goşulmaga mejbur edilýär. Maglumatlara görä, käbir maşgalalar bir ogluny talyplara goşulmaga ýollady. Çünki olaryň welaýaty öz kontrollygyna geçirmegi mümkin. Şeyle-de öňki komandirleriň täzeden ýaraglanýandygyny we Gunduzy täzeden dikeltmek üçin paç ýygnaýandygyny ýerli ilat habar berýär.
XS
SM
MD
LG