Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň duşuşygy geçiriler


Şu gün ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy hem-de ýaragsyzlanmak meselesine bagyşlanan duşuşygy geçirer diýlip garaşylýar.

Bu duşuşyk BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň çäginde geçirilip, oňa Höwpsyzlyk Geňeşine girýän 14 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagy planlaşdyrylýar.

Düýn, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we Amerikanyň prezidenti Barak Obama öz ýurtlarynyň ýadro arsenallaryny çäklendirýän täze “START” atly ylalaşyga gol goýmagyna razydyklaryny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG