Sepleriň elýeterliligi

“START” atly ylalaşygyň şu ýylyň dekabr aýyna çenli taýýar bolmagy mümkin


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew atom ýaragyny ýaýradylmazlygy baradaky “START” atly ylalaşygyň şu ýylyň dekabr aýyna çenli taýýar bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Bu baradaky öňki kabul edilen şertnamanyň möhleti hem şu ýylyň dekabr aýynda tamamlanýar.

BMG-nyň Baş assambleýasynda eden çykyşynda, prezident Medwedew ýadro ýaraglarynyň sanynyň kemeldilmeginiň, iki ýurdyň gatnaşyklaryny ösdürmekde esasy mesele bolup durýandygyny aýtdy.

Eýran bilen bagly meselede, Medwedew käbir halatlarda sanksiýalaryň girizilmeginiň öňüni alyp bolmaýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG