Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýda suwuň bardygyna şaýatlyk edýan faktlar tapylypdyr


Maglumatlara görä, Aýda suwuň bardygyna şaýatlyk edýan faktlar tapylypdyr.

Muny aýy derňemek maksady bilen ol ýere iberilen üç enjamyň beren maglumatlary tassyklapdyr. Ýagny şol maglumatlara laýyklykda aýyň üstündäki atomlaryň ýuka gatlagy hut suwuň molekulalaryndan ybarat bolup durýar.

Bu barada alymlaryň çykaran netijeleri “Science” žurnalynyň soňky sanynda çap edilipdir.

Suwuň komponentleriniň Aýda tapylmagy, ol ýere barýan ekpedisiýalaryň Aýyň üstünde has uzak wagt bolmagyna mümkinçilik döredip biler diyip,
spesialistler çaklaýarlar.
XS
SM
MD
LG