Sepleriň elýeterliligi

Hakykatdan hem döwlet halk üçin bolsa...


Narodetski:"Bu kiçijik waka diňe bir polisiýa aksiýasy bilen tamamlanarmy? Türkmen häkimiýetleri öz watandaşlarynyň tarapyny tutarmy?"

Narodetski:"Bu kiçijik waka diňe bir polisiýa aksiýasy bilen tamamlanarmy? Türkmen häkimiýetleri öz watandaşlarynyň tarapyny tutarmy?"

Samandepe etrabynda gaz turbasynyň gurluşygynda türkmenler bilen hytaýlylaryň arasynda bolan çaknyşygy bolup geçen bir waka atlandyrmagam bolar. Ýöne oňa çynlakaý hadysa hökmünde baha-da berip bolar.

Şol waka garaşylmadyk hem berjek netijesi öňünden çak edilýän ösüşe eýe bolmazmy? Mundan öňem türkmenistanly işçiler özlerini kemsidenlerinde, daşary ýurtly işçiler bilen deňeşdirilende, deň däl şertlere sezewar edilende, şunuň ýaly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolupdylar. Ýöne häzirki ýaly köpçülikleýin ýarylma – partlama bolmandy diýen ýaly.

“Nyýazow göz ýumýardy”

Nyýazow döwründe türkmenleriň kemsidilmesi her ädimde diýen ýaly duş gelýärdi. Ol döwlet syýasatydy. Daşary ýurt firmalary öz biznes işlerini Türkmenistanda açanlarynda, gurluşyklara başlanlarynda, ýerlerde türkmen işçileri doly hukuksyz ýagdaýda galdylar. Kä halatlarda olaryň zähmet haklary şol bir iş üçin daşary ýurtlularyňkydan dört essä çenli kemeldilipdi.

Ukrain kompaniýalary ýerli işçilere maksada laýyk zähmet hakyny teklip edenlerinde, Türkmenistanyň ýokary derejeli çinownikleriniň muňa el-aýak garşy çykyşlaryny türkmenler öz aralarynda häli-şindi ýatlaýarlar.

Çinownikler işe duran türkmenleriň aýlyklaryny ep-esli kemeltmegi ukrainlerden talap edýärdiler. Ine, Nyýazowyň öz watandaşlary barasyndaky atalyk aladasy şeýledi.

Ýerli işçilere garşy eden-etdilik Türkmenistandaky türk, eýran, fransuz kompaniýalarynda-da höküm sürýärdi. Nyýazowçylyk býurokratiýa bu zatlara göz ýumup, görmedikden, bilmedikden bolýardy. Nyýazowdan soňky döwür türkmenler üçin şunuň ýaly hukuksyz kontrakt sistemasy üýtgedimi?

Näme edilse türkmenler çydarmy?

Gaz turbasynyň gurluşygynda bolan waka-da kadadan çykma bir ýagdaý däldir. Şol ýerde işleýän ýa işlän gurluşykçylaryň sözlerine görä, zähmet şertleri başda erbedem däl eken.

Biraz wagtyň geçmegi bilen hemme zat erbetlige tarap üýtgäp ugrapdyr: aýlyklar azaldylyp, berilýän azygyň, naharyň hili ýaramazlaşypdyr. Barybir kadadan çykýan ýagdaý peýda bolupdyr. Ony ýöne bir bolýan ýagdaý hasaplamak kyn.

Hytaýlylar: “Näme etsegem, türkmenler çydar” diýen netijä gelen bolsa gerek. Ýöne bu gezek türkmenler ahyrsoňy ýarylypdyr. Şol ýarylma köpçülikleýin häsiýete eýe bolupdyr. Ol gadymy gozgalaňlary ýada salýar.

200 töweregi adamyň tussag edilmegi fakty-da bu wakanyň möçberiniň ululygyndan habar berýär. Türkmenleriň şeýle ädime aýgyt etmegine nämeleriň sebäp bolandygyny analitikler anyklamaly bolar.

Täsirler hem paralleller

Bu ýerde garaşylmaýan täsirler hem paralleller bolup biler. Türkmenleriň bu hereketi bilen goňşy ýurtlarda bolýan tolgunyşyklaryň arasynda haýsydyr bir baglanyşyk bar bolaýmasyn?

Meselem, Eýranda bolýan tolgunyşyklar, demonstrasiýalar! Olaryň ikisinde-de häkimiýetleriň öz graždanlaryny kemsidýändigi üçin şol bir gahar-gazap bar. Belki, Hytaýda öz hak-hukuklaryny talap edip, uýgurlaryň geçirýän protest aksiýalary türkmen gurluşykçylaryna itergi berendir?

Munuň aňyrsynda sosial ýa-da halkara äheň bar, onuň tapawudy ýok, fakt faktlygyna galýar. Türkmen işçileri öz hökümeti tarapyndan goldaw bolmajagyna düşünipdir, şoňa göz ýetiripdir.

Şu günki gün Aşgabat üçin bir meselede - döwlet halk üçindir diýip, resmi propagandanyň gaýtalap oturan tezisiniň hakykatda tersine däldigini subut etmäge gowy şert döredi.

Bu kiçijik waka diňe bir polisiýa aksiýasy bilen tamamlanarmy? Türkmen häkimiýetleri öz watandaşlarynyň tarapyny tutarmy? Eger şeýle bolaýsa, ol diňe gaz turbasynyň gurluşygynda işleýänler üçin bolarmy ýa-da ýurtda işleýän ähli daşary ýurt kompaniýalaryna-da degişli bolarmy?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG