Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň Kremle jogaby gaty çäklimi?


Analitikleriň pikirlerine görä, ukrain syýasatynda düýpli özgerişler bolup geçen halatynda hem bu Orsýetiň Ukraina gönukdirilen syýasatyny üýtgedip bilmez.
Analitikleriň pikirlerine görä, ukrain syýasatynda düýpli özgerişler bolup geçen halatynda hem bu Orsýetiň Ukraina gönukdirilen syýasatyny üýtgedip bilmez.

Orsýet häkimiýetleri Ukraina bilen bagly planlaryny amala aşyrmaga gaty çäkli mümkinçilikleriniň bardygyna düşünýärler.

Şol bir wagta-da Ukrainanyň hem özüni garaşsyz döwlet hökmünde saklap, Orsýet bilen iki aradaky gatnaşyklary ýola goýmaklyk meselesinde mümkinçilikleriniň sany gaty çäkli diýip, halkara gatnaşyklary boýunça Ukrainanayň iki esasy eksperti ýazýar.

Agressiw syýasatyň sebäbi

“Zerkalo nedeli” atly internet jurnalynda bu mesele bilen bagly çap edilen maglumatda Milli Howpsuzlyk meselelerdäki kynçylyklar institutynyň direktory Akademik Wladimir Gorbuliniň hem onuň maslahatçysy Aleksandr Litvinenkonyň ýazan makalasynda Orsýetiň Ukraina gönukdiren agressiw syýasatynyň aňyrsynda bu ýurdyň öz içindäki syýasy problemalaryň ýatandygy aýdylýar.

Şol syýasy kynçylyklaryň hataryna Orsýetdäki demografik yzagaýtgynlyk, ýagny ilatyň sanynyň yzygiderli kemelmegi, regional separatizm, etniki we dini kynçylyklar, global ykdysady krizisiň ýaramaz täsiri ýaly basyşlar bu dörän kynçylyklary çözmek üçin Orsýete regiona ünsi jemlemäge itergi boldy.

"Ukrainany Kremle tabyn edip, Orsýet öz ýurdyndaky ýagdaýy gowulandyryp biler. Hususan-da, demografiki kynçylyklary ýumşadyp, energiýany Ýewropa ýetirmek ýollaryny üpjün edip, maşyn gurluşygy, oba hojalyk pudaklarynda ýurduň ykdysady potensialyny artdyryp biler. Şeýle hem Ukrainany Kremle tabyn edip, Moskwanyň golaýynda territorial plasdarma eýe bolmak meselesi ABŞ-a elýeterli bolmaz ýaly edip bolar" diýip, awtorlar ýazýarlar.

Analitikleriň pikirlerine görä, hatda ukrain syýasatynda düýpli özgerişler bolup geçen halatynda hem bu Orsýetiň Ukraina gönukdirilen syýasatyny üýtgedip bilmez.

Şol bir wagtyň özünde Ukrainany iň bolmanda onuň günorta-günbatar bölegini Orsýete tabyn etmek üçin kän wagtyň galmandygyna hem rus hökmürowanlary düşünmän durmaýarlar. Ýagny takmynan 2015-nji ýyldan soň ukrain elitasynyň täze nesli emele geleninden soňra, Orsýetiň bu planlaryny amala aşyrmak meselesi has kynlaşar. Şonuň üçin milli howpsuzlyk meselesi boýunça iki bilermeniň pikirine görä, Kiýewe garşy “aýgytly hem rehimsiz” kompaniýasyna Orsýetiň ýakyn wagtda başlamagy mümkin.

Ukrainanyň Orsýete jogaby

Şeýle-de Gorbulin bilen Litwinenko Orsýetiň Ukraina gönukdirilen syýasatyna jikme-jik analiz berip, Ukrainanyň bu meselede Orsýete berip biljek jogabyny çaklaýarlar. Häzir Moskwa Ukraina bilen bagly öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin bu ýurtda öz howpsuzlyk güýçlerini ulanýar. Emma Orsýetiň bu tagallalary netije bermese, 2010-njy ýylda geçirilmeli saýlawlarda hem Orsýetiň arzuwlary başa barmasa, onda Orsýetiň gönümel güýç ulanmakdan saklanmajakdygyny hem bilermenler çaklaýarlar.

Şol sebäpden Ukrainanyň häzirki serhetleri bilen garaşsyz döwlet hökmünde saklanmagy üçin Kiýew eglenmezden bir topar çäreleri görmeli. Şol çäreleriň hataryna raýatlaryň konstitusion hak-hukuklaryny hem azatlyklaryny iş ýüzünde goramak üçin taze konstitusiýany kabul etmek ýaly çäreler girýär.

Mundan başga ýurtda býurokratiýanyň hem korrupsiýanyň möçberini azaltmaga gönükdirilen çäreleri geçirmeli. Harby goşunda reformalary amala aşyrmaly, aňtaw gullugy netijeli işlär ýaly şert döretmeli hem-de Ukrainanyň öňde goýan maksatlary barada has giňişleýin propoganda geçirmeli. Şol çäreler Ukraina bilen Orsýetiň arasyndaky dartgynlygy azaltmasa-da olar “iki ýurduň arasynda konflikt döremek howpuny çäklendirer hem-de Ukrainanyň milli bähbitlerine ýetirip biljek zyýanyny hem kemelder”.

Belki-de, şol çäreler öz ýurduny “azatlyk prinsiplerinde” esaslandyrmak isleýän ruslara hem ýardam berip biler diýlip, “Zerkalo nedeli” internet jurnalynda milli howpsuzlyk meseleleri boýunça bilermenler akademik Wladimir Gorbuliniň hem onuň maslahatçysy Aleksandr Litwinenkonyň ýazan analitik makalasynda maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG