Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-de pikirler kän bir ýaşyrylmady


BMG-de ilkinji gezek çykyş eden Libiýa ýolbaşçysy Muammer Kaddafi Howpsuzlyk Geňeşini demokratik däl diýip ýazgardy.
BMG-de ilkinji gezek çykyş eden Libiýa ýolbaşçysy Muammer Kaddafi Howpsuzlyk Geňeşini demokratik däl diýip ýazgardy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda şu wagta çenli çykyş eden syýasatçylar diplomatik dil ulanmak arkaly pikirlerini ýaşyrmaga synanyşmadylar.

Amerikan prezidenti Barak Obama öz eden çykysynda global problemalary çözmekde Birlesen Statlaryn täze syýasatynyn dünýä arkalasygy bilen maslahata daýanýandygyny aýtdy.

“Ýöne beýleki ýurtlar-da, öz paýlaryna düsýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmeli” diýdi. “Dünýäde ýekelikde hereket edenligi üçin Amerika käýänler indi bir gyrada durup-da, dünýä problemalaryny Amerikanyn bir özünin çözerine garasyp bilmezler. Biz dünýä bilen is salysara täze döwür ugrunda jan etdik. Indi global kynçylyklary ýenip geçere özümize düsýän jogapkärçiligi üstümize alara hemmämize wagt gelip ýetdi” diýip, Obama nygtady.

BMG tankyt edildi

Dususykda Birlesen Milletler Guramasy ýiti tankyt astyna alyndy. Bu guramada ilkinji gezek çykys eden Libiýa ýolbasçysy Muammer Kaddafi Howpsuzlyk Genesini demokratik däl diýip ýazgardy.

“Genesin bäs hemiselik agzasynyn köpüsi Ikinji jahan ursunda ýenis gazanan ýurtlar. Sol sebäpden hem hemiselik agza” diýdi. “Howpsuzlyk Genesi hemiselik orny barlar üçin howpsuzlyk feodalizmi, syýasy feodalizm bolup durýar. Bu orunlar bizin garsymyza ulanylýar. Ona howpsuzlyk genesi diýmeli däl, terror genesi diýmeli” diýip, Kaddafi aýtdy.

Ahmedinejat hem aýamady

Eýran prezidenti Mahmud Ahmedinejat hem Birlesen Milletler Guramanyny aýap durmady. “Karar çykarmakda demokratik çäreleri ulanyp, ähli ýurtlara we hökümetlere wekilçilik etmeli Birlesen Milletler Guramasyna, Howpsuzlyk Genesine dine öz bähbitlerine gulluk edýän sanlyja hökümetin agalyk etmegi kabul ederlik däl. Aýratyn-da dine medeniýet, ideýa we jemgyýetçilik pikirlerinin kesgitleýji faktor bolmaly dünýäsinde. Häzirki ýagdaýyn seýle dowam etmegi mümkin däl. Düýpli özgerisler hökman bolmaly. Biz bir täze sistema, täze dünýä sistemasyny ornatmak ugrunda tagalla edýäris” diýip, Eýran prezidenti aýtdy.

Häzir köp adamlary oýlandyrýan Eýran we onun atom programmasy. Dünýänin alty güýçli döwletinin dasary isler ministrleri öndäki geplesiklerde ýadro programmasy barada özlerinin Tährandan çynlakaý jogaba garasýandyklaryny aýdýarlar.

Birlesen Milletler Guramasynyn Howpsuzlyk Genesinin bäs agzasy - Birlesen Statlar, Orsýet, Hytaý, Britaniýa we Fransiýa - Germaniýanyn gatnasmagynda 1-nji oktýabrda Ženewada Eýran bilen geplesik geçirmekçi.
XS
SM
MD
LG