Sepleriň elýeterliligi

Eýran urany baýlaşdyryjy ikinji bir merkezi gurýar


Şu gün BMG-niň Halkara Atom Agentligi Eýranyň urany baýlaşdyryjy ikinji bir merkezini gurup ýörendigini tassyklandygyny aýtdy.

BMG-niň Halkara Atom agentliginiň metbugat sekretary Mark Widrikeýräniň sözlerine görä, ýakynda, 21-nji sentýabrda Eýran özüniň ýadro ýangyjyny öndüriji täze bir zawody gurýandygy barada bu halkara agentligine habar beripdir.

Şol wagtda-da, Eýran bu ýadro ýangyjynyň diňe elektrik toguny öndürmek maksady üçin ulanyljakdygyny tassyklapdyr.

Jenap Widrikeýre Halkara Atom agentliginiň bu mesele barada Eýrandan jikme-jik maglumat talap edendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG