Sepleriň elýeterliligi

Gürjü-ors urşunyň sebäpleri ýaýradylar


Ýewropa Bileleşiginiň resmileri täze raport ýaýradylmazdan owal Gürjüstandaky synçy patrullaryň sanyny köpelti.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri täze raport ýaýradylmazdan owal Gürjüstandaky synçy patrullaryň sanyny köpelti.

Ýewropa Bileleşiginiň howandarlygynda halkara ekspertleriň garaşsyz komiteti Gürjüstan-Orsýet urşunyň sebäpleri barada ýygnan maglumatlaryny 30-njy sentýabrda ýaýradar.

Geçen hepde Germaniýanyn “Der Spigel” zurnaly bu dokumentde geçen ýylyn awgustyndaky bäs günlük urusda, hususan, Gürjüstan aýyplanar diýip ýazdy.

Emma Brýusseldäki Ýewropa diplomatlary bu tankytlary ret etdiler. Olar ekspertler toparynyn entek raporty taýýarlaýandygyny we ondaky maglumatlary gürjüstanly, orsýetli, amerikaly we Ýewropa Bilelesiginin resmileri bilen maslahatlasýandyklaryny aýtdylar.

Gürjüstanyn prezidenti Saakaswili BMG-nin bas Assambleýasyndaky çykysynda “Der Spigelin” makalasyny tankytlap, “Hiç kim bular ýaly gazeti möhüm hasaplamaýar” diýdi. Orsýet bilen Gürjüstanyn ikisi-de geçen tomusdaky ursa hut özlerinin jogapkärdiklerini ret edýärler.

Sweýsariýaly diplomat Tagliawini Ors-Gürji ursunyn sebäpleri baradaky raportyn taslamasyny taýýarlaýan ekspertler toparyna ýolbasçylyk edýär. Ýewropa Bilelesiginin resmileri komitetin raportyndaky jemlemeler üçin hiç bir temminin berilmejekdigini aýtdylar.

Täze raport, hususan, Gürjüstan barada bolar we basda bu ýurdun hökümetinin dernewçiler bilen ýeterlik hyzmatdaslyk etmändigi habar berildi. Basga wakalar bilen birlikde Gürjüstanyn Günorta Osetiýanyn operatorlaryndan gelýän mobil telefon janlaryna böwet goýandygyna ynanylýar.

Olar urus wagtynda Gürjüstanyn kompaniýalaryna bagly bolupdyr. Ýewropa Bilelesiginin resmileri bu dernewden esasy maksadyn Tbilisinin, Moskwanyn we Orsýetin tarapdary bolan Gürjüstanyn iki regionynyn barlysygyny gazanmakdygyny aýdýarlar.

Garasylýan ylalasyklar

Ýewropa Bilelesiginin resmileri täze raport ýaýradylmazdan owal Gürjüstandaky synçy patrullaryn sanyny köpelti. Diplomatlaryn ýene-de aýtmagyna görä, Moskwanyn, Tbilisinin we iki separatist regionyn arasynda Zenewada geçirilen geplesiklerde özara ylalasyljakdygyna ysarat boldy. Munun bolsa, dawaly zonadaky dartgynlyklaryn önüni almaga kömek etmegi mümkin.

Sol geplesiklerde Ýewropa Bilelesigine wekilçilik eden Piýer Morrel onun çylsyrymly bolandygyna garamazdan, taraplar howpsuzlyk sertnamasy boýunça islesmägi ylalasdylar diýip, Ýewropa Bilelesiginin Brýusseldäki diplomatlaryna geçen annada aýtdy.

Abhaziýa we Günorta Osetiýa garsy bidüzgünçiligi ulanmajakdygy barada aýratyn ylalasyklara Gürjüstanyn gol goýmagyna Moskwa “aýak direýär”. Tbilisi bolsa, bu talaby asla kabul ederliksiz hasaplaýar. Çünki, seýle edilse, onda iki regionyn garassyzlygyny ykrar etmek bolar diýýär.

Seýle-de howpsuzlyk ylalasygynda öý-öwzarsyz ilatyn öz mekanlaryna dolanmagy baradaky ynjyk meselä hem üns berilmegi ahmal. Geçen tomusdaky urus sebäpli on münlerçe Gürjüstanlylar öý-öwzaryny terk etdiler.

Taraplaryn nobatdaky geplesikleri 11-nji noýabrda Zenewada bolar. Sonun ýaly-da Ýewropa Bilelesigi özünin Gürjüstan baradaky strategiýasy boýunça planlaryny Dasary isler ministrlerinin nobatdaky ýygananysygynda maslahatlasar. Munun noýabrda bolmagy ahmal.

Geçen sisenbe güni fransiýaly filosof Lewinin ýolbasçylynda arasynda Çehiýanyn önki prezidenti Waslaw Gawel hem bolan ýewropaly röwsen pikirliler açyk hat ýaýradyp, Abhaziýanyn we Günorta Osetiýanyn Gürjüstana yzyna gaýtarylmagy üçin Ýewropa Bilelesigini Tbilisä kömek etmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG