Sepleriň elýeterliligi

"Sungat sütemkäriň öňünde dyz epmez"


Ýaz, güýz – edebiýatyň gowy görýän pasyllary. Bu döwürde dörediji adamlar adatdakydan has ylhamly, okyjylaram ýazyjy-şahyrlary diňlemäge, okamaga has höwesli bolýarlar. Onsoň ýazda-güýzde, elbetde, iň gowy ýazyjy-şahyrlar ýada düşýär, eliň olaryň kitaplaryna uzaýar…

Şeýle söýgüli türkmen şahyrlarynyň biri hem, elbetde, Gurbannazar Ezizdir. Edebiýatda, sungatda kim galýar, kim ýitýär – bu dörediji adamlaryň arasyndaky ebedi sorag, ebedi matal. Öz zehinine ynamy ýoklar iliniň ”ody bilen girip-küli bilen çykman”, halkyň hormatyna häkimiýetiň üsti bilen ýetjek bolýarlar. Olar hökümdary öwüp, oňa ýaranjaňlap, orden-medal, resmi at gazanyp, öz atlaryny ebedileşdirmäge ymtylýarlar. Emma hakyky ýazyjy-şahyrlar, sungat adamlary uzak hem kyn bolsa-da, dogry ýoldan ýöreýärler. Olar öz döredijilikleri bilen hökümdaryň däl-de, eýse halkyň ýüregine ýol gözleýärler. Ähli döwürleriň beýik ýazyjy-şahyrlary halkyň agysyna aglaýarlar. Gurbannazar bu hakda şeýle diýipdi:

Çünki hak şahyrlar iliň namysy,
Agysyna aglap, gülse gülýler.
Il-günüň hasratyn ýüregne çekip,
Soňra ýürek agyrsyndan ölýäler.


Gurbannazaryň wasp eden şol hakyky ýazyjy-şahyrlary bizde şu günem bar. Türkmenistanda hut şu gunlerem öz mertligi, gaýraty bilen bütin milleti beýgeldip, onuň milli hem ruhy gymmatlyklaryny gözüniň göreji ýaly gorap oturan adamlar az däl. Öz halkyna, beýik sungata ýürekden, bütin düýrmegi, duýgy-düşünjesi bilen berlen şeýle gaýratly, mert adamlar bolmasa, edebiýatam, sungatam, medeniýetem bolmazdy. Sebäbi edebiýat, sungat, medeniýet – mertlik, halallyk, gaýrat diýmek. Şol düşünjeleriň ýok ýerinde sungatama ýokdur. Edebiýaty her kim saýlap biler, ýöne edebiýat diňe hakyky ýazyjy-şahyrlary saýlaýar!

Gurbannazar Ezizow (çepde) we kompozitor Nury Halmammedow
Gurbannazar hem sungatyň, edebiýatyň saýlan adamlarynyň biridi. Ol öz ýagty şahsyýeti, dag çeşmesi kimin dury poeziýasy bilen halkyň, okyjylaryň ýüreginde ebedilik orun aldy. Öz ömri, ykbaly bilen özünden öňki beýik şahsyýetleriň subut eden çuňňur hakykatyny ýene bir gezek tassyklady: daş heýkeller wagtlaýyn, ýüreklerdäki heýkeller – ebedi.

G.Eziz ýazda doglup, güýzde bakyýete gitdi. Bu pasyllaryň ikisi-de edebiýatyň aýratyn joşgunly döwri. Bu Skandinawiýada-da şeýle. Şonuň üçinem her ýyl güýz Şwesiýada Halkara kitap ýarmarkasy bolýar. ”Gün” neşirýaty bu ýyl halkara kitap ýarmarkasyna türkmen edebiýaty bilen bagly üç kitaby hödürleýär. Olaryň biri şwed dilinde ”Gurbaga näme üçin warryklaýar” atly türkmen halk ertekileriniň ýygyndysy, beýlekisi Gurbannazar bilen bir döwürde edebiýata gelen, ussat prozaçy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty Tirkiş Jumageldiniň ”Milli oýun” atly örän täzeçil äheňde ýazylan, okyjylaryň ünsüni çekip biljek romany. Üçünji kitabyň ady – ”Ýagtylykda ýitenler”.

Gurbannazar hakdaky ýatlama dolansak, men ony ilkinji gezek 1975-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda gördüm. Şol gün Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň aktlar zalynda ýaş şahyrlaryň VIII Bütinsoýuz festiwalynyň açylyşy boldy. Şol dabara Gurbannazar hem gatnaşdy. Şonda onuň haýsy goşgusyny okany ýadymda ýok, ýöne nurana, tüýs türkmen şahyryna mahsus salykatly keşbi welin, hemişelik ýadymda galdy. Şondan bary-ýogy dört gün geçensoň hem onuň ömri tragiki ýagdaýda üzüldi.

Bu günler uly hormat bilen ýatlanylýan, türkmen okyjylarynyň öçmejek söýgüsini gazanan G.Eziziň goşgular kitaby we ol hakda bize gelip gowşan, gyzykly ýatlamalar geljekde ”Gün” neşirýatynda çap ediler. Sebäbi ”Gün” neşirýaty geçegçi syýasata, wagtlaýyn hökümdara däl-de, ebedi gymmatlyklara, edebiýata, sungata wepaly ýazyjy-şahyrlaryň gözleginde.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG