Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada Merkeliň partiýasy saýlawlarda ýeňiş gazandy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ýurtda geçirilen parlament saýlawlarynda öz baştutanlyk edýän partiýasynyň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Geçirilen pikir soralyşygyň netijelerine görä, hristian demokratlar azat demokratlar partiýasy bilen bilelikde dolandyryjy koalisiýa düzmek üçin parlamentde ýeterlik orun alypdyr.

Azat demokratlaryň lideri Gwido Westerwelle täze hökümetde Daşary işler ministriniň wezipesini eýelär.

Dolandyryjy koalisiýada HDS/HSS -iň öňki partnerlary – sosial -demokratlar öňki saýlawlar bilen deňeşdirilende 10% ses az alypdyr, olar ýeňilendigini boýun alyp, oppozisiýa geçýändiklerini yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG