Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Geňeşiniň Parlament assambleýasynyň sessiýasy açylýar


Şu gün Strasburgda Ýewropa Geňeşiniň Parlament assambleýasynyň sessiýasy açylýar. Onda Orsýet delegasiýasyny ses bermek hukugyndan mahrum etmek meselesi maslahatlaşýlar.

Gowuşýan habarlara görä, şu gün debatalaryň güni belli ediler. Onuň hepdäniň üçünji güni boljdakdygy çak edilýär.

Geçen ýyl Günorta Osetiýada bolan ýaragly çaknyşyk bilen bagly Ýewropa Geňeşiniň Parlament assambleýasynyň 72 agzasy Orsýet delegasiýasynyň ygtyýarlygy meselesine seretmek teklibi bilen çykyş edipdir.

Gürjüstan tarapyndan taýýarlanan dokumentde Ýewropa Geňeşiniň Parlament assambleýasynyň Abhaziýa we Günorta Osetiýa bilen bagly talaplaryny Moskwanyň ýerine ýetirmän, şol iki respublikanyň garaşsyzlygyny ykrar edendigi bellenipdir.

Eger Ýewropa Geňeşiniň Parlament assambleýasy rezolýusiýa kabul etse, Orsyet delegasiýasynyň Strasburgy terk etjekdigini Moskwa mälim edipdir.
XS
SM
MD
LG