Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe bilen Ermenistan diplomatik gatnaşyklary ýola goýar


Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky ylalaşyga 10-njy oktýabrda gol çekiler- diýip, Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan dokumente iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň gol goýjakdygyny aýtdy.

Ondan soň ylalaşygy türk hem ermeni partlamentleri makullamaly.

Diplomatik gatnaşyklary dikeltmekçidigini taraplar öň yglan edipdi. Arada baş problema 1-nji jahan urşy wagty Osman imperiýasynyň ermenileri köpçülikleýin gyrmagy meselesi bolup galýar.
XS
SM
MD
LG