Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Goranmak ministri CNN-e Owganystan boýunça interwýu berdi


ABŞ-nyň Goranmak ministri Robert Geýts: “Owganystanda harby operasiýanyň tamamlanjak wagtyny anyk aýtmak ýalňyşlyk bolar” –diýdi.

Ol CNN telekanalyna beren interwýusynda Owganystanda ýeňilmegiň ABŞ üçin adatdan daşary agyr boljakdygyny, amerikan goşunlarynyň ýurtdan çykmagyny Talyban bilen “Al'-Kaýylanyň” öz ýeňşi hasap etjekdigini aýtdy.

Geýtsiň bu beýannamasy Barak Obamanyň administrasiýasynyň Owganystandaky strategiýasyna ýaňadan seredýän wagtyna gabat geldi.

Ýakyn wagtlarda Obama Owganystana goşmaça goşun ibermek barada belli bir karara gelmeli.
XS
SM
MD
LG