Sepleriň elýeterliligi

Petige dirän mesele ýa-da berkidilen tezis


Narodetski: "Berdimuhamedowyň gozgan problemasy ozaly bilen Hazar basseýninde harby güýçleriň mynasibetinde has-da belli bolýar."

Narodetski: "Berdimuhamedowyň gozgan problemasy ozaly bilen Hazar basseýninde harby güýçleriň mynasibetinde has-da belli bolýar."

Türkmenistanyň prezidentiniň halkara inisiatiwalarynda, halkara gatnaşyklarynda iň esasy hasaplaýan meselesini Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda eden çykyşynda gozgady.

Gozgalan mesele energetik howpsuzlyk meselesi. Türkmen prezidenti öz çykyşynda Merkezi Aziýa üçin çözülmedik, çözgüdi petige dirän iň möhüm meseleleriň biri boýunça tezisini berkitdi. Ol Hazaryň ykbaly problemasy.

Türkmen prezidenti Hazar hem Merkezi Aziýa regionynda ýaragsyzlanmak problemasy boýunça BMG-niň arka durmagynda konferensiýa geçirmäge çagyrdy. Şeýle forumyň guramaçylyk işlerini türkmen tarapynyň öz üstüne almaga taýýardygyny aýtdy.

Örän ynjyk mesele

Berdimuhamedowyň gozgan problemasy Hazaryň töweregindäki şu günki ýagdaýy açyp görkezýär. Şol mesele Türkmenistan üçin diýseň ynjyk mesele. Ol ozaly bilen Hazar basseýninde harby güýçleriň mynasibetinde has-da belli bolýar.

Orsýetiň Hazarda örän kuwwatly harby-deňiz floty bar. Şol agdyklyk hemişe-de dowam edip gelýär. Ýeterlik derejede üpjün edilen harby-deňiz bazasy Azerbeýjanda-da bar. Eýran hemişe-de kuwwatly harby güýçlerini deňizde saklaýardy, şol işini häzirem dowam etdirýär. Gazagystanam beýlekilerden galmajak bolup çalyşýar.

Ine, şeýle ýagdaýyň fonunda Türkmenistanyň kenar ýakasy goragsyz, ejiz görünýär. Özbegistan bilen serhediniň berkdigi, pugta goralýandygy bilen Aşgabat öwnüp biler, emma Hazar meselesi açyklygyna galýar. Şeýle çylşyrymly, çözülmedik , bulaşyk ýagdaý Türkmenistana öňki prezidentden miras galdy. Ol deňiz serhedi bilen näme üçindir ýakyndan gyzyklanmandy.

Nyýazow esasan içki serhetleri berkitmek bilen başagaý bolupdy. Birnäçe hepde mundan ozal Berdimuhamedow Hazarda Türkmenistanyň harby-deňiz bazasyny döretmek planyny yglan etdi. Şu ädim arkaly köptaraply Hazar meselesini türkmen prezidentiniň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek isleýändigini synçylar belleýärler.

Türkmen tarapynyň nukdaý nazaryndan bu mesele ýeňil-ýelpaý iş däl. Berdimuhamedowyň şu ugra ünsi gönükdirmeginiň ýene bir sebäbi - Hazaryň hukuk durumynyň çözülmändigi bilen bagly bolmagy mümkin.

Hazaryň hukuk durumy we NABUKKO

Türkmen tarapy NABUKKO gaz turba proýektine goşulmak isleýändigini yglan edenden soň, bu problema has-da ýitileşdi. Eger Türkmenistan bu proýekte goşulmasa, onuň netijeli iş bolmajakdygyny, Ýewropanyň Türkmenistansyz, Orsýetden sowa öz gaz hajatlaryny kanagatlandyryp bilmejekdigini synçylar ençeme gezek bellediler.

Deňziň hukuk durumyny kesgitlemegiň ýolunda köp ýyllar bäri Azerbeýjan keserip dur. Göräýmäge, başdan başlap NABUKKO ideýasyny Baku goldaýar, ýöne azeri hem türkmen kenarlaryny birleşdirjek bilelikdäki turbany gurmak meselesinde Aşgabat onuň bilen dil tapyşyp bilmän gelýär. Iki tarapam belli bir netijä, barlyşyga gelip bilenoklar.

Orsýet Hazaryň statusyny kesgitlemek teklibini goldamaga howlukmaýar. Çünki goldaw berse, özi üçin kuwwatly bäsdeşiniň ýolunda ýaşyl çyra ýakdygy boljak. Başgaça aýdylanda, bu problemany ýerli derejede-de, regional derejede-de doňup duran nokadyndan gozgamak başartman gelýär.

Ikitaraplaýyn hem hazar bilen baglanyşykly problemalary şu günki gün köptaraply, global halkara problema öwürmek Türkmenistan üçin bähbitli dälmi? Eger şeýle edilse, oňa ABŞ hem, Ýewropa Bileleşigi-de goşulardy. Has güýçli hyzmatdaşlaryny ulanyp, türkmen ýolbaşçylary özara bähbit esasynda Hazar regionyny Aşgabat bilen ylalaşyga mejbur edip bilermi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG