Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti BMG–niň resmisini kabul etdi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti BMG–niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça regional merkeziň baştutany ilçi Miroslaw Ýençi kabul etdi.

Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň integrasiýa prosessini, sosial-ykdysady ösüşini saklaýan problemalary gaty tiz çözmegiň gerekdigini taraplar belledi.

Şol problemalaryň arasynda suwdan peýdalanmak, energiýa howpsuzlygy, hem regionyň durnuklylygyna täsir ýetirýän beýleki faktorlar agzaldy.

Duşuşykda esasy temalaryň biri-şu ýylyň noýabr aýynda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň Türkmenistana etjek saparyna bilelikde taýýarlyk meselesi boldy- diýip, “Türkmenistan: Altyn Asyr” internet saýty ýazýar.
XS
SM
MD
LG