Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň ÝHHG –niň başlygy bolmagyna alada bildirildi


2010-njy ýylda Gazagystanyň ÝHHG –niň başlygy bolmagyna adam hukuklaryny goraýjylar alada bildirdi.

Häzir Warşawa gelen Almatyda ýerleşýän Halkara žurnalistika merkeziniň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Abramow: “Gazagystan ÝHHG-e başlyk bolmaga taýýar däl” diýdi.

Onuň sözlerine görä, “Gazagystan ÝHHG-niň tutuş taryhynda iň ýaramaz başlyk bolar”.

Çalşyk düzgüni esasynda geljek ýylyň ýanwarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň başlyklygy Gazagystana geçer.

Ol ýewropanyň abraýly guramasyna başlyklyk etjek ilkinji postsowet döwleti bolar.
XS
SM
MD
LG