Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama şu hepde Kopengagene barar


2016-njy ýylyň tomusky olimpiadasynyň öz şäheri Çikagoda geçirilmegi barada berlen arza goldaw üçin ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama şu hepde Kopengagene barar.

Beýleki dalaşgärleriň arasynda Madrid, Rio-de-Janeýro, Tokio bar. Ýeňiji Halkara olimpiýa komitetiniň 2-nji oktýabrda boljak sessiýasynda yglan ediler.

Daniýanyň paýtagtyna şeýle-de Ispaniýanyň koroly Huan Karlos, Braziliýanyň prezidenti LOuis Inasiu Lula da Silwa, Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýukio Hatoýama geler.
XS
SM
MD
LG