Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň ýörite wekili Aşgabada bardy


BMG-niň Merkezi Aziýadaky Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça regional merkeziniň başlygy, ilçi Miroslaw Ýenç (çepde), Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik we ýörite wekili Aksoltan Ataýewa we BMG-niň baş sekretary Ban Ki Mun, Nýu Ýork, 13-nji maý, 2008 ý

BMG-niň Merkezi Aziýadaky Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça regional merkeziniň başlygy, ilçi Miroslaw Ýenç (çepde), Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik we ýörite wekili Aksoltan Ataýewa we BMG-niň baş sekretary Ban Ki Mun, Nýu Ýork, 13-nji maý, 2008 ý

Türkmen Döwlet Habarlary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýadaky Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça regional merkeziniň başlygy, ilçi Miroslaw Ýençi kabul edendigini ýazýar.

Ýokary derejeli myhman türkmen liderini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasyna gatnaşmagy we üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlapdyr.

Ýerli synçylaryň pikirine görä, Aşgabatda häkimiýet çalşandan soň Türkmenistan izolýasiýadan çykmaga we dünýä açylmaga tarap ugur aldy.

Bu açylyşyň ilkinji miweleriniň biri hem 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy diýse bolar.

Potenisal problemalara täsiri

Eýse, bu merkez Türkmenistanda konfliktlere esas bolup biljek problemalaryň çözgüdine nähili täsir ýetirýär, bu barada ekspertler nähili pikirleri öňe sürýärler?

Prezident Berdimuhamedow Birleşen Milletler guramasynyň münberinden eden çykyşynda bu merkeziň «sebitleýin meseleleri öwrenmek we seljermek boýunça işjeň iş geçirýändigini» aýtdy.

Onuň pikirine görä, «Sebitde, kontinentde, bütin dünýäde howpsuzlygyň ýok mahalynda bir ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkin däl.»

Megerem, şu sebäpden türkmen lideri syýasy ýa-da harby howpsuzlygyň uzagyndan we doly derejeli bolmagy üçin «ykdysady, energetiki, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň», halkara terrorçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga we beýleki global wehimlere garşy netijeli göreşiň zerurdygyny belleýär.

TDH-niň ýazmagyna görä, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy merkeziniň başlygy Miroslaw Ýenç Türkmenistanyň sebitde parahatçylyk we durnuklylyk faktory hökmündäki pozisiýasyna ýokary baha beripdir. Ýöne türkmen metbugaty bu duşuşykda gürrüňi edilen anyk meseleler hakynda giňiş maglumat bermeýär.

Hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, BMG-niň sebitde mümkin bolan konfliktleriň öňüni almak barada edýän tagallalary bu sebitde Owganystanyň ýerleşýänligi üçin has-da möhüm bolup durýar.

Ekologiýa meselesi

Türkiýäniň Goç uniwersitetiniň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti, professor Timur Hoja hem bu pikir bilen ylalaşýar. Ýöne ol sebitdäki syýasy-ykdysady problemalar bilen bir hatarda ekologiýa meselesine hem çynlakaý üns bermelidigini aýdýar.

«Sebäbi bu sebitde çynlakaý ekologiki problemalar bar. Bu problemalaryň başynda Aral köli meselesi durýar» diýip, Timur Hoja aýdýar.

Türkiýeli ekspertiň aýtmagyna görä, Aral kölüniň suwy sowet ýyllarynda çekilip başlady we bu günki günde onuň bäşden dört bölegi gurady. «Aralyň suwunyň azalmagy Türkmenistana, Özbegistana we Gazagystana ýaramaz täsir edýär we bu täsiriň bu sebitden çykyp, başga regionlara hem ýaramaz täsir ýetirmek ähtimallygy bar».

Aslynda ýerli synçylaryň köpüsi suw meselesiniň Merkezi Aziýada oňşuksyzlyk döretmeginiň gaty mümkindigini, sebäbi sowet döwründen gelýän suw zaýaçylygynyň ýa-da suwy bisarpa tutmagyñ ol ýa-da beýleki derejede konfliktlere getirip biljegini öňe sürýärler.

Professor Timur Hojanyň pikrine görä, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy merkezi bilen ýerli häkimiýetleriň şu konfliktleriň öňüni almak barada häzirden düýpli çäreleri görmegi gerek.

Ilatyň sosial goragy

Düýbi Wenada ýerleşýän ”Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbutulliniň pikirine görä, Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda ilatyň sosial goraglylygy pese gaçdy we garyplar bilen baýlaryň ara tapawudynyň ulalmagy bir tarapdan neşe söwdasynyň, jenaýatçylygyň ösmegine getirse, ikinji tarapdan, syýasy durnuksyzlyga hem esas taýýarlaýar.

Onuň pikiriçe, garyplar bilen baýlaryň ara tapawudynyň ulalmagy soňy bilen umumy ýagdaýy bulaşdyryp-da biler.

«Ilkinji nobatda döwletiň özi raýatlaryň ähli hukuklaryny bozýar we ýurt içinde nägilelige esas döredýär ýa-da ýurtda durnuklygyň saklanmagy üçin ýeterlik çäre görmeýär» diýip, Tuhbatullin aýdýar.

Türkiýeli professor Timur Hojanyň pikirine görä, ýurtda mümkin bolan konfliktleriň öňüniň alynmagy üçin syýasy azatlyk, metbugat azatlygy, ilatyň öz pikirini aýtmak mümkinçiligi hem döredilmeli.

Emma hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanda bu azatlyklaryň ýokdugyny ýa-da gaty çäklidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG