Sepleriň elýeterliligi

BMG Gaza sektorynda geçirilen operasiýalar boýunça maslahat geçirýär


Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsan hukuklary baradaky Geňeşi şu geçen gyşda Palestinanyň Gaza sektorynda geçirilen harby operasiýalarda uruş jenaýatçylygynyň amala aşyrylan bolmagynyň mümkindigi barada BMG-niň ekspertleriniň taýýarlan raporty boýunça maslahat geçirýär.

Günorta afrikaly sudýa Riçard Goldstounyň ýolbaşçylygyndaky ýörite topar öz geçiren derňewleriniň esasynda taýýarlan raportynda Ysraýyly hem-de Palestinanyň Hamas toparyny Gaza Sektorynda uruş jenaýatçylygyny amala aşyranlykda aýyplaýar we olaryň hat-da adamzada garşy jenaýat eden bolmaklarynyň hem mümkindigini öňe sürýär.

Ýöne Ysraýyl tarapam, Hamas toparam bu raportdaky bildirilen aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG