Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky partlamada azyndan 30 adam öldi


Şu gün Owganystanyň Içeri işler ministrligi ýurduň Kandagar welaýatynda ýol gyrasynda goýlan bombanyň partladylmagy netijesinde azyndan 30 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini habar berdi.

Maglumata görä, bu partlama transport ýolunda içi ýolagçyly awtobusyň barýan wagty amala aşyrylypdyr. Awtobusdaky ölen adamlardan 10-synyň çagalardygy we 7-siniň hem aýallardygy aýdylýar.

Ýerli häkimiýetler bu wakada talyp söweşijilerini aýyplaýarlar.

Bu wakanyň fonunda, şu gün Pakistanyň howpsuzlyk resmileri amerikan harby uçarynyň atan raketa okundan ýurduň demirgazyk-günbatar raýonynda talyp söweşijileri diýlip güman edilýän bäş adamyň ölendigini habar berdiler.

XS
SM
MD
LG