Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýaly režissýory Polanskiniň tussaglykdan boşadylmagy soraldy


Fransiýaly dünýä meşhur kino režissýory Roman Polanskiniň aklawçylary ýakynda Şweýsariýada tussag astyna alnan Polanskiniň tussaglykdan boşadylmagyny sorap, şu gün Şweýsariýanyň suduna ýüz tutdylar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prokuraturasy 30 ýyldan hem gowrak mundan ozal, ýagny 1977-nji ýylda tanymal kinorežissýor Roman Polanskiniň kämillik ýaşyna etmedik bir gyz bilen jynsy gatnaşyga girendigini aýdyp, oňa jenaýat aýyplamasyny bildirýär.

Şweýsariýanyň Sýurih şäheriniň sudy Roman Polanskiniň aklawçylarynyň haýyşy boýunça ýakyn birnäçe hepdäniň dowamynda bu barada anyk karar çykaryljakdygyny mälim etdi.

76 ýaşly Roman Polanskiý geçen hepdäniň şenbe güni Şweýsariýada geçirilen halkara kino festiwalynda özüne gowşurylmaly baýragy almak üçin Şweýsariýa baranda, amerikan tarapynyň ony ekstradisiýa etmek baradaky haýyşy göz öňünde tutulyp, tussag astyna alnypdy.
XS
SM
MD
LG