Sepleriň elýeterliligi

Aşgabada Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory bardy


Öten agşam Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygynda ýörite delegasiýa sapara bardy.

Şu gün Orsýetiň «Itar-Tass» habar agentligi Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburgyň gubernatory Walintina Matwienko «Garaşsyz Türkmenistana bolan ýokary söýgüsi üçin» diýen ordeni gowşurandygyny habar berdi.

«Itar-Tass» bu sylagyň oňa türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmeklige goşan goşandy üçin berlendigini habar berýär.

Maglumata görä, Sankt-Peterburg şäheriniň köpsanly iri kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny öz içine alýan bu delegasiýanyň wekilleri Türkmenistanyň hökümetinde, käbir ministrliklerinde we edaralarynda özara gepleşikler geçirerler.
XS
SM
MD
LG