Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Uranyň baýlaşdyrylmagy ýekeje sekund hem durmaz


Eýranyň atom energetikasy boýunça agentliginiň baştutany Ali Akber Salehi urany baýlaşdyrmak işini öz ýurdunyň ýekeje sekund hem duruzmajakdygyny aýtdy.

Eýranyň ýadro boýunça iş alyp barmak hukugyny maslahat etmekçi däldigini Salehi belledi.

1-nji oktýabrda Jenewada dünýäniň uly alty döwletiniň –BMG-niň hemişelik agzalary ABŞ-yň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň, Hytaýyň hem Germaniýanyň wekilleri Eýran wekilleri duşuşyp, Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly meseleleri maslahatlaşar.
XS
SM
MD
LG