Sepleriň elýeterliligi

Obama NATO-nyň baş sekretary bilen Owganystany maslahatlaşdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we NATO-nyň baş sekretary Fog Rasmussen Owganystandaky ýagdaýy maslahatlaşdy.

Waşingtondaky duşuşykdan soň Obama : “Owganystandaky uruş diňe bir ABŞ-yň däl, tutuş NATO-nyň hem işi” diýdi.

Bu nukdaý nazary Rasmussen goldap: “Işi tamamlamak üçin näçe wagt talap edilýän bolsa, biz şonça-da Owganystanda galarys” diýdi.

“Owganystana goşmaça güýç ýollamalymy?” diýen meseläni Obama ýakyn günlerde çözmeli.

NATO güýçleriniň komanduýuşisi general Stanleý Makkristal goşmaça güýç ugradylmagyny soraýar.

General ýakynda eden dokladynda : “Eger bu ýurtda goşun toparlary güýçlendirilmese, talyplar bilen göreşde ýeňilmek howpy bar” diýipdi.
XS
SM
MD
LG