Sepleriň elýeterliligi

Samoa adalarynda güýçli ýer titreme boldy


Samoa adalarynda bolan güýçli ýer titreme deňiz harasadynyň gopmagyna sebäp boldy.

Äpet tolkunyň bir obany süpürip gidendigi barasynda habarlar gowuşýar. Pidalar bar, olaryň sany anyklanýar. Uly awto ýollaryň ikisine zyýan ýetdi.

Mundan öň ýerli häkimietler ýaşaýjylara kenar ýakasyny terk etmek barada maslahat beripdi.

Deňiz harasady häzir Täze Zelandiýa hem Ýuwaş okeanyň günorta bölegindäki adalara howp salýar.

Güýji 8,3 balla deň ýer titremäniň merkezi Gündogar Samoa adasynyň 190 kilometr günorta-günbatarynda boldy.
XS
SM
MD
LG