Sepleriň elýeterliligi

Kawkazdaky ýagdaý boýunça rezolýusiýa kabul edildi


Ýewropa Geňeşiniň Parlament assambleýasy “Gürjüstan bilen Orsýet arasyndaky uruş: bir ýyldan soň Kawkazdaky ýagdaý” boýunça öten agşam rezolýusiýa kabul etdi.

Radiomyzyň habarçysynyň berýän maglumatyna görä, dokumentde Günorta Osetiýanyň we Abhaziýanyň serhetlerinde saklanýan dartgynlylyga we prowokasiýalara alada bildirildi.

Dokument şeýle-de Ýewrobileleşigiň synçylaryny regiona goýbermeýändigi üçin agzalan iki respublikanyň we Orsyetiň häkimiýetlerini ýazgarýar.

Mundanam başga Ýewropa Geňeşiniň Parlament assambleýasy 2008-njy ýylyň awgustynda Orsýet-Gürjüstan ýaragly konfliktiniň netijesinde bosgun bolan regionyň ýaşaýjylarynyň öýlerine dolanmak hukugyny üpjün etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG