Sepleriň elýeterliligi

Çeh senatorlar Lissabon ylalaşygy boýunça suda ýüz tutdy


Çeh senatorlarynyň bir topary Lissabon şertnamasynyň ýurduň kanunçylygyna nä derejede bap gelýändigini sorap, Konstitusion suda ýüz tutdy.

Ýewrobileleşigiň agzalarynyň köptaraply bu ylalaşygy, hususan-da, Ýewrobileleşigiň ýolbaşçy gurluşlaryny reforma etmegi göz öňünde tutýar.

Mundan öň bu ylalaşygyň belli tankytçysy, Çehiýanyň prezidenti Waslaw Klaus Konstitusion suduň karary çykýança, oňa gol goýmakdan ýüz öwrüpdi.

Çehiýa, Polşa we Irlandiýa Lissabon şertnamasyny makullamaly, şondan soň ol güýje girýär.
XS
SM
MD
LG