Sepleriň elýeterliligi

Waşingtonda ýokary derejede amerikan-siriýa gepleşikleri geçirildi


Soňky 5 ýylda ilkinji gezek Waşingtonda ýokary derejede amerikan-siriýa gepleşikleri geçirildi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň habar berşi ýaly, iki ýurduň DIM-leriniň orunbasarlary Jek Lýu hem Faýsal al-Mekdad umumy bähbitlere degişli köp meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmagyň ýollaryny maslahatlaşdy.

Siriýa tarapynyň maglumatyna görä, al-Mekdydyň wizitiniň esasy maksatlarynyň biri- Damaska garşy amerikan sanksiýalaryny ýatyrmak, şeýle-de onuň Yrak bilen gatnaşyklary ýaly meseleleri maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Yrak Saddam Huseýniň tarapdarlaryny gizläp saklaýanlykda Siriýany aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG