Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen MHM-siniň döredilmegine 18 ýyl doldy


Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 18 ýyllygy bilen bagly G.Berdimuhamedow bu edaranyň işgärlerine gutlag hatyny ýollady.

Türkmenistanyň beýleki harby we kanun goraýjy organlarynyň işgärleri bilen el-ele berip, garaşsyzlyk ýyllary Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleriň hötdesinden gelendiklerini, döwlet gurluşyny gorap, terrorizme, neşe kontrabandasyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barandyklaryny belledi.

Halkyň rahatlygyny goramak, döwletiň durnuklylygyny goldamak işlerinde olara üstünlikler arzuw etdi.
XS
SM
MD
LG